"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Ýaşyl ýaýladaky» dynç alyş

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç ýüz çaganyň bir wagtda dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Merkezimizde mugallymlaryň on ikisi zähmet çekýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary hem okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýärler. Merkezimiziň edara binasy, iki gatly ýatakhana binasy, saglyk öýi, naharhana çagalar üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde kinoteatr, sport zaly, ýapyk howuz ýerleşendir. Daşarda sport oýunlary üçin açyk meýdança, ýagny, futbol, woleýbol, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin açyk howuz bar.

Nusgawy edebiýat we sözleýiş medeniýeti

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjy bolup, onuň ruhy dünýäsinde baky ornaşypdyr. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler häzire çenli şygryýet dünýäsinde elýetmez belentlikdir. Magtymgulynyň şygyrlary durmuş hakykatyna ýugrulandyr. Halkyň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik bilen beýan edýän şygyrlary döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarypdyr.

Körpelere goşgulary öwretmek

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäde giňden öwrenilýär, wagyz edilýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde uludan bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda körpelere akyldar şahyryň döredijiligini öwretmek, giňden wagyz etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Çagalar bakja-baglary terbiýe we bilim bermegiň möhüm basgançagynyň biridir. Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininden dörän goşgularyny sapakda, sapakdan daşary çärelerde okap bermek, öwretmek bilen körpelerde edebi mirasymyza bolan söýgini terbiýeläp bolar. Çagalar baglarynda taryhy medeniýetimizi körpelere öwretmekde terbiýeçileriň öňünde uly wezipe durýar. Körpeleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly bolmak, tebigata söýgi duýgularyny ösdürmekde şahyryň goşgulary uly gollanma bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Özara hormat goýmak ýörelgeleri 6-njy iýulda paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Möwsümleýin işler alnyp barylýar

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň düýp özeni döwletimiziň binýatlyk esaslaryny berkitmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan we halkyň ruhy kämilligini has-da belent derejelere ýetirmekden ybaratdyr. Şu aýdyň maksatlary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeleri giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerde gurlup ulanmaga berilýän il-ýurt bähbitli desgalar, ýaşaýyş jaýlary aýdyň maksatlardan gözbaş alýar. Dünýä nusgalyk şäher bolan Arkadag şäheri bu günki günde ähli halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Bu ajaýyp şäherde adamlaryň döwrebap ýaşamagy, sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Esasan-da, Arkadag şäheri döwrümiziň ösüşini dünýä ýaýyp, halkara çäreleriň, maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän ajaýyp künjegine öwrüldi. Bularyň ählisi ösüşiň aýdyň ýoluny, belent özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kemala gelen dünýä nusgalyk şäher ösüşiň röwşen geljegini üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň ö

Sport ýaryşlary uly üstünliklere beslendi

Çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýörite çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Dynç alyş möwsüminde çäreleriň täsirli geçmegi we olara çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary üçin guramaçylyk işlerine has uly üns berilýär. Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça ýaryşlar uly ruhubelentlige beslendi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde guradylar. «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça guralan ýaryşlaryň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.

Ýurdumyzyň buýsandyryjy ösüşleri

Beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetde, gurluşyk senagat pudagynda uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent maksatlar rowaçlanýar, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Biz muňa ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň halkara güwänamalaryna eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda durmuşa geçirilýän işleriň halkyň bähbidine gönükdirilendigini görmek bolýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň yzygider ýokarlanýandygyny, amala aşyrylýan beýik işleriň ösüşleri üpjün edýändigini beýan edýär.

Oba hojalyk özgertmeleri rowaçlanýar

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginden oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hoş habarlar gelip gowuşýar. Has takygy, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligi has-da ýokarlandyrylýar.

Rysgal-berekediň gözbaşy

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen baglanyşykly geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynda oba zähmetkeşleri üçin döredilýän amatly şertlerden ruhlanan welaýatymyzyň daýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daýhanlara işlemäge we ýerden bol hasyl öndürmäge ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň sahawatly saçagyny bezeýän bugdaý önümlerini aýawly saklamakda ylmy taýdan esaslandyrylan işler sazlaşykly ýola goýulýar. Muňa mysal edip döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kärhanalary, elewatorlary görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde şeýle asylly işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Bularyň ählisi bu ugurdan zähmet çekýän hünärmenleriň, gallaçy daýhanlaryň has-da öndürijilikli işlemekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge, ylym-bilimi ösdürmäge, şeýle hem kämil hünärmenleri taýýarlamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bu günki gün Ýer ýüzünde bagtly çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär.

Beýik zamananyň bagtyýar ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna hem döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de çagalaryň tomusky dynç alyş döwürlerini gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin gözel Gökderäniň goýnunda hem-de welaýatlarymyzda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, ertekileri sahnalaşdyrmak ýaly çäreler guralýar. Ýaş nesliň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ýüze çykarmak, ösdürmek, türkmeniň milli mirasy arkaly olarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde nusgalyk iş tejribeleri, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylmy gazananlaryny d

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylsa, bedeniň kesellere garşy göreş (immun) ulgamy pugtalanýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi diş we süňk dokumalaryna peýdaly bolan D witamininiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär, ýöne Gün şöhlesini dogry peýdalanmaly. Munuň üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli we agşam sagat 18:00 21:00 aralyk iň amatly wagtdyr.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlara uly ynam bildirilýär, okamaga, döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Onda ýaşlar baradaky aladalaryň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary, borçlary we islegleri dolulygyna kanagatlandyrylýar.

Kitap okamak endigini ösdürmek

Pähimdar pederlerimiz nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Esasan-da, ýaş nesilleriň köp okamaklaryny, kitaba sarpa goýmaklaryny ündäpdirler. Munuň üçin balarynyň güllerden goruny ýygnaýşy ýaly, ynsanyň hem kitaplaryň üsti bilen paýhas goruny toplamagy gerek. Häzirki wagtda ýaşlaryň boş wagtlaryny kitaphanalarda geçirmeklerini gazanýarys. Olaryň özbaşdak kitap okamaga bolan höweslerini artdyrmak, elbetde, mugallymlara hem-de ata-enelere bagly ýagdaýlaryň biridir. Il içinde hormatlanýan, akylly-paýhasly adamlaryň, sowatly danalaryň hem köp kitap okamagyň netijesinde kämil bolýandygyny perzentlerimize düşündirmelidir. Olarda gündelik kitap okamak ýaly gowy endikleri döretmek möhümdir. Munuň üçin ata-eneleriň özi hem çaganyň gözüniň öňündäki göreldesi bolmalydyr. Häzirki döwrümizde kitaplary ele alyp okamak bilen bir hatarda, elektron görnüşinde okamak mümkinçiligi has hem ýokarydyr. Islendik kitaplary elektron kitaphanalaryň üsti bilen almak we okamak bolýar. Tomusky dynç alyş günleriniň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarymyza kitaplary — Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini, şeýle hem çeper eserleri, şygyrlary okamagyň we öwrenmegiň peýdasy barada söhbetler guraldy. Munuň özi çagalaryň özbaşdak pikirleriniň ösmegi, kämilleşmegi, döredijiliginiň artmagy üçin ilkinji basgançaklaryň biri bolup durýar.

Belent maksatlar rowaçlanýar

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Ýurdumyzyň asudalygy üpjün edilýär

3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazary bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly) Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!