Baky bagtyň binýady

9 Iýul 2024
477

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň düýp özeni döwletimiziň binýatlyk esaslaryny berkitmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan we halkyň ruhy kämilligini has-da belent derejelere ýetirmekden ybaratdyr. Şu aýdyň maksatlary durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeleri giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerde gurlup ulanmaga berilýän il-ýurt bähbitli desgalar, ýaşaýyş jaýlary aýdyň maksatlardan gözbaş alýar. Dünýä nusgalyk şäher bolan Arkadag şäheri bu günki günde ähli halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Bu ajaýyp şäherde adamlaryň döwrebap ýaşamagy, sanly ulgamyň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Esasan-da, Arkadag şäheri döwrümiziň ösüşini dünýä ýaýyp, halkara çäreleriň, maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän ajaýyp künjegine öwrüldi. Bularyň ählisi ösüşiň aýdyň ýoluny, belent özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen kemala gelen dünýä nusgalyk şäher ösüşiň röwşen geljegini üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Munuň özi ajaýyp şäherde ösüşleriň, belent özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler her bir adamda buýsanç döredýär.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar