"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Oňat taýýarlyk — netijeli işler

Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky erkana durmuşda ýaşaýar, öz aýdyň geljegini dolandyrjak bagtyýar nesillerini terbiýeleýär. Bu jogapkärli işiň ak mekdeplerimizde alnyp barlyşy kalbyňda çäksiz guwanç duýgusyny döredýär.

Bagtyýar çagalaryň şadyýanlygy

Çagalar geljegimizi ýagtyldýar, nurlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Awazada, Gökderede we welaýat merkezlerinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly we manyly geçirýär. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan giň göwrümli çäreler ruhy taýdan baý, berk bedenli nesli kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki ýaş nesliň öňünde geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak wezipesi durýar.

Türkmen tebigatynyň tarypçysy

Halypa mugallym Çaryýar Goçyýewiň iş tejribesi hakynda söhbet Hakydamda pikir ýumagyny çöşläp oturyşyma, bu zähmetsöýer we pespäl ynsan bilen tanyşlygymyza çärýek asyra golaý wagtyň geçendigine göz ýetirdim. Şol döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň dosenti wezipesinde zähmet çekýärdim. 1999-njy ýylyň 4-5-nji maýynda ýurdumyzyň ylym-bilim işgärlerinden ybarat topar bilen Bäherden etrabynda geçirilen «Tebigatyň ykbalynda ─ biziň ykbalymyz» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşypdyk. Şol ylmy maslahatda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Çaryýar Goçyýewiň Köpetdagyň dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan gyzykly çykyşy biziň ünsümizi aýratyn özüne çekipdi.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpelerde zähmet endiklerini terbiýelemek Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesillere sowat öwredilende, işjeň usullardan peýdalanýarys. Çagalara sowat öwretmek, ýönekeý matematiki düşünjeleri, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklaryna çagalaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak möhümdir. Munuň üçin görkezme esbaplardan, elde ýasalan şekiljiklerden, multimedia tagtasynda slaýdlardan peýdalanýarys. Mysal üçin, ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde çagalara slaýd şekillerini görkezmek has täsirli bolýar. Terbiýeçi slaýdda nämeleriň bardygyny ilki özi tanyşdyrýar. Berlen gyzykly soraglar boýunça çagalar terbiýeçiniň beren gürrüňini diňleýärler we slaýddaky şekilleri sanaýarlar.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy gymmatly çeşme bolup, döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde, nesil terbiýesinde mynasyp orna eýedir. Şu nukdaýnazardan şahyryň eserleri gymmatyny ýitirmeýär. Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe biz türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ýaşaýar. Söz ussadynyň çeper döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa galdyrdy. Şahyryň çeper döredijiligi umumadamzat mirasynyň edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna hem öz täsirini ýetiripdir.

Akyldar şahyryň döredijiliginiň taryhy gymmaty

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň köňül buýsanjyna öwrüldi. Akyldaryň akyl eleginden we ýürek telwasyndan syzylyp çykan şahyrana setirler türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öwüt-ündewli setirler ýaşlary terbiýelemekde uly orun eýeleýär. Akyldar adamzat kalbynyň şahyry hökmünde beýik mertebä eýedir. Magtymgulynyň eserleriniň hyýalylykdan, howaýylykdan daş bolup, tutuşlygyna durmuş hakykatyna ýugrulmagy onuň goşgularyny özboluşly tapawutlandyrýar. Halky dilde halk köpçüligini gyzyklandyrýan, onuň gündelik meselelerini, ýürek küýsegini kämil çeperçilik serişdeleri, obrazlar arkaly gozgaýan hem olaryň çözgüdini berýän, il-güni pikir öwürmäge we netije çykarmaga imrindirýän eserleri döreden Magtymguly öz halky bilen bir jan, bir ten bolmagy başarýar.

Tejribe depderi

(Hekaýa) Meniň mekdebe gelen ilkinji günümden bäri bar aladam tejribe edinmek boldy. Bu pikiri aňyma salan hem Çary mugallymdy.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Çagalar biziň öýümiziň, kalbymyzyň bezegidir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir. Şonuň üçin olary akylly-başly, watansöýüji, iline-gününe, ene-atasyna wepaly edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar. Biziň «Çaga — dowamat-dowam», «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly başga-da birnäçe pähim-parasatlary döreden halkymyz bar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň geçen ömür ýoluna, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Kadaly iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanmagyny, mümkin boldugyndan, çäklendirmeli.

Ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Ak bugdaý — türkmen topragynyň berekedi

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Milli medeniýetimize buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanýar, milli medeniýetimize, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine belent sarpa bilen garaýar. Esasan hem, akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan sarpasy has-da belent derejelere eýe boldy. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze kitabynyň çap edilmegi we elimize gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu täze kitap halkymyzda bada-bat uly gyzyklanma döretdi. Aýdyň geljegi nazarlap, beýik işler bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimiziň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamana — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Şunda milli medeniýetimizi wagyz etmek, asylly ýörelgelerimizi ýaşlara öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, eýelenýän sepgitleriň giň gerimlidigini bellemek uly buýsançdyr. Ynha, şeýle ösüşleri medeni ulgamda hem görmek örän ýakymlydyr. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Halkymyzyň hoşniýetlilik ýörelgesi

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki orny has-da belent derejelere eýe bolýar. Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýakynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürýär we bu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoly parahatçylyk söýüjilik bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki bu ýol durnukly ösüşleri üpjün edýär, özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde täze mümkinçilik

Işler sazlaşykly alnyp barylýar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilim döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçinem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly özgerişlikler bolup geçýär.Ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimi dünýä derejesine ýetirmek üçin köpugurly işler alnyp barylýar. Bu ýagdaý ýurduň merkezinden başlap, iň çetki künjekleri hem gurşap alýar. Uly ösüşleri başdan geçirýän ýurdumyzda sanly ulgam köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu ýagdaý ylym-bilim ulgamyna hem öz täsirini ýetirýär. Sanly ulgam adamlaryň dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim tejribeleri, dünýä täzelikleri, beýleki gerekli maglumatlar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Üstünligiň gözbaşy

Umumybilim berýän mekdeplerimizde perzentlerimize, çagalarymyza sowat, bilim, terbiýe öwretmekde mugallymlar yhlasly zähmet çekýärler. Munuň üçin mekdeplerimizde ähli mümkinçilikler bar. Döwrüň ösmegi bilen öwredilýän bilimiň hilini has-da kämilleşdirmek işi möhüm bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler biz — bilim işgärleri üçin iňňän möhümdir. Şeýle resminama boýunça okatmakda innowasion tehnologiýalary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi, elbetde, bilim işgärleriniň işlere täzeçe usullarda çemeleşmelidigini aňladýar. Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi hakynda aýratyn bellemek gerek. Etrabymyzdaky umumybilim berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri hem ýokary derejede alnyp barylýar. Mekdepleriň synp otaglaryna, diwarlyklara, görkezme esbaplara serenjam berlip, gözden geçirilýär. Kitaphanalaryň üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Okuw partalarynyň, ot

Sapagy guramakda işjeň usullardan peýdalanmak

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gabat gelýän gadymy türkmen sözleri boýunça sowallary bermek arkaly sapagy gyzyklandyrmak bolar. Şunda nusgawy edebiýatda duş gelýän sözlere düşünmek üçin sözlüklerden peýdalanýarlar. Bu bolsa olaryň sözlükleri öwrenmeklerine we söz baýlyklarynyň artmagyna oňat ýardam edýär. Bu babatda okuwçylary toparlara bölüp, şol sözleriň manysy, sinonimleri we antonimleri boýunça düzülen sowallaryň esasynda bäsleşik guramak has-da peýdalydyr. Okuwçylara Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýat tutmagy hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin gürrüň bermegi hem tabşyrýaryn. Şeýlelikde, olar akyldar şahyryň goşgularyndaky pikirlere has oňat düşünýärler we olary asylly ýörelge edinýärler. Bu bolsa olaryň şahsy terbiýeleri babatda örän wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde okuwçylaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän çäreler, şahyryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmek hem-de ony giň köpçülige ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hem yzygiderli maglumat berýäris. Bu olaryň döwrümiz we döwlet syýasatymyz bilen aýakdaş gitmeklerine ýardam edýär.

Çaga terbiýesiniň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň körpe nesliniň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, olaryň milli ruhda terbiýelenmegi babatda uly alada edilýär. Çaga terbiýesi yzygiderli üns-aladany talap edýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň kämilleşdirilmegi we çaganyň irki ösüş döwri onuň ömri hem-de durmuşy üçin zerurdyr.

Döwrebap bilimiň kämil ýollary

Ylym-bilim ynsan ömrüniň iň gymmatly hazynasydyr. Bilimi bar adamyň ruhy dünýäsi baýdyr. Alymlardan maslahat sorasaň, olar seni dogry ýola gönükdirer. Durmuşda okamak, bilimli bolmak we öz hünäriň ussady bolmak üçin niçeme ýol hem-de zähmet gerek. Kämil şahsyýet bolup ýetişmek üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähli mümkinçilikler bar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýan kämil bilim-terbiýe usullary orta mekdeplerde hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda diňe umumybilim berýän mekdeplerde däl, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem gurnaklar döredildi. Munuň özi körpe nesilleri mekdebe taýýarlamagyň, ilkinji ukyplary açmagyň esasy basgançaklary bolup durýar. Eýýäm dört ýaşly çaga özbaşdak pikirlenip, kagyzlaryň we oýnawaçlaryň üsti bilen şekil döretmegi başarýar. Çaga özüniň düşünjesini orta mekdepde alýan bilimleriniň netijesinde kämilleşdirýär. Her bir ynsan bilim bilen barha kämilleşýär. Her döwre mahsus bolan ylmyň, bilimiň öwreniş usullary, ugurlary bolýar. Ajaýyp döwrümizde her bir raýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sowat, bilim, terbiýe öwrenmäge doly mümkinçiligi bar. Bu ýagdaýyň geljekde has hem kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usul

Watan waspy

Söz ýetmez tarypyn beýan etmäge,Watan waspy mydam ähli ýazanym.Watan — sende jemlenendir yhlasym,Sendedir aýdymym, sazym, gazalym. Pederleriň bize goýan mirasy —Mukaddeslik.       Mukaddes sen topragym.Tebigatyň, sähraň jana melhemdir,Tenekardyr her bir ot-çöp, ýapragyň.

Akyldar şahyra

Ýola düşüp yşgyňda,Säher-sabany görsem.Adyň köňül köşgümde,Gezsem, dünýäni görsem. Ýeterden daş däl aýak,Barsak, myhmany bolsak,Halaçda Gyzylaýak,Gözel obany görsem.