Halkymyzyň hoşniýetlilik ýörelgesi

14 Iýul 2024
361

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki orny has-da belent derejelere eýe bolýar. Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýakynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.

Ýurdumyz hemişelik Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürýär we bu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoly parahatçylyk söýüjilik bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki bu ýol durnukly ösüşleri üpjün edýär, özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde täze mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ösüşi her ýylda täze üstünliklere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Häzirki döwürde dünýäde ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty goldanylýar we hoşniýetli gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belent derejelere ýetirýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar