"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dynç alyş günleri şatlykly geçýär

«Awazada» ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň şatlykly günleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň gowy dynç almagy üçin döredip beren mümkinçilikleri çagalar üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy. Olar bu ýerde wagtlaryny örän şadyýan we manyly geçirýärler, birek-birek bilen dostlaşýarlar. Dynç alyş günlerinde merkezde dynç alýan çagalar «Rowaç» gämisinde gezelenç etdiler. Gämide aýdym-sazly gezelenjiň guralmagy çagalarda ruhubelentlik döretdi. Şeýle hem merkezde «Awazanyň tolkuny–göwünleriň ylhamy» atly  sowal-jogap bäsleşigi diýseň täsirli geçdi.

Şatlyk-şowhuna beslendi

«Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalar dynç alşyň  ikinji gününde ir säher bilen deňiz kenarynda  dürli maşklary ýerine ýetirdiler. «Awazanyň» jana şypaly howasy bagtyýar çagalaryň göwünlerini göterdi. Ekologiýa taýdan arassa, jana ýakymly deňiz howasy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Şeýle mümkinçilige eýe bolan çagalar özlerini diýseň bagtly hasaplaýarlar. Olar özleri üçin uly mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.  Irki maşklardan soňra merkezdäki çagalaryň kiçi ýaşly toparlarynyň  arasynda  asfaltyň ýüzüne surat çekmek boýunça «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar» atly ýaryş geçirildi. Oňa çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Şeýle hem uly ýaşly toparlaryň arasynda sportuň tanap çekmek, estafeta aralyga ylgamak, ýeňil atletika, güýç synanyşmak görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.

«Daýançdaky» tomusky dynç alyş

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde  çagalaryň tomusky dynç alyş günleri uly ruhubelentlige beslenýär.  Bu ýerde Arkadag şäherinde geçirlen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýanyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan çagalar, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar dynç alýarlar. Dynç alşyň ilkinji gününde «Daýanç» sagaldyş merkezinde  Russiýa Federasiýasyndan  we ýurdumyzdan dynç almaga gelen çagalar uly şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. «Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy» atly açylyş dabarasy bu ýere gelen çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Açylyş dabarasynda dost-doganlyk aýdymlary, türkmen halkynyň milli  küştdepdi tansyna çagalaryň hemmesi goşuldy.

Oba hojalyk pudagynda netijeli işler

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Dünýä nusgalyk şäher

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Dost-doganlyk ýörelgesi

Häzirki döwürde türkmen döwleti sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Munuň anyk mysallary hökmünde Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny, olary amala aşyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň açylandygyny görkezmek bolar. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge hemişe uly ähmiýet berýär.

Halk Maslahaty: agzybirligiň, döwletliligiň ygtybarly ýoly

Türkmen halky beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanada ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna netijeli täsir edýär, beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlarys. Şeýle şanly baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçiriler. Türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen asylly ýörelgelere eýerilip, millilik ýoly dowamat-dowam bolýar. Halk Maslahaty hem asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirlik, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilýän ugurlarydyr. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem bize ýol-ýörelge bolup durýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar. Oguz han atamyz döwleti dolandyranda maslahat geçirip

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň, bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, gazanylýan oňyn netijeleriň binýadynda ykdysadyýetiň ähli pudagynda sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik işler bagtyýar halkymyzyň aýdyň geljegini nazarlap, ösüş arkaly parahatçylyk, bagtyýar durmuş, bolelin ýaşaýyş üpjün edilýär. Ynha, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berlip, geljekde ýerine ýetirilmeli möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar kesgitlendi. Giňişleýin mejlisde bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüş üpjün edildi. Bu ösüş senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalyk pudagyn

Işler guramaçylykly alnyp barylýar

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Şu günler Sarahs etrap bilim bölümine degişli mekdeplerde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Sarahs etrap bilim bölümine degişli 27 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirildi. Mekdepleriň howlusyndaky baglaryň düýpleri ýumşadylyp, agardyldy. Bilim ojaklarynyň çäginde doly derejede arassaçylyk işleri gözden geçirildi. Synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň abatlygyna seredildi. Kitaphanalardaky kitaplaryň arassalygyna, üpjünçiligine hem doly derejede ähmiýet berildi. Bu babatda etrabyň 1-nji, 9-njy, 11-nji, 17-nji, 19-njy, 21-nji, 27-nji mekdepleri işlerini öňdäkileriň hatarynda tamamladylar.

Bäsleşik täsirli geçdi

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy», aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde, çagalaryň kadaly iýmitlenmeklerini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýän hem-de öňdebaryjy iş tejribesi bolan şepagat uýalaryny we aşpezleri ýüze çykarmak bäsleşigiň baş maksady boldy.

Ýatda galyjy wakalara beslendi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen duşuşyk guraldy. Bu ýerde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna myhmançylykda boldy. Daşary ýurtly myhman Köpetdagyň eteginde gurlan Gökderäniň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini we gözel tebigatyny synlady. Türkmenistanly çagalaryň şeýle gözel künjekde dynç almaga mümkinçilikleriň döredilmegine tüýs ýürekden buýsanjyny beýan etdi. Soňra myhman «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezindäki şertler bilen ýakyndan tanyşdy we bu ýerde döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Merkeziň girelgesinde hormatly myhmany ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bolan Japbaklar garşy aldylar. Olaryň ajaýyp tanslary, gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Merkezara «Açyk gapylar» güni

Geçen şenbe güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip, adym tutsalar...» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu baýramçylyk çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpelerde düşünjeleri kemala getirmek Mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.

Akyldar şahyryň döredijiliginde ene dilimiziň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhy, medeni we edebi mirasynyň öwrenilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda dilçi alymlaryň ýerine ýetiren ylmy işleri häzirki zaman dil biliminde diliň aragatnaşyk serişdesi hökmündäki hyzmatyna we sözleýşiň dürli görnüşlerini öwrenmäge uly üns berilýändigini subut edýär. Gadymy türkmen diliniň dil serişdelerini öwrenmek has hem gyzyklydyr. Köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan käbir sözler biziň döwrümizde-de öz işjeňligini ýitirmän, käbirleri bolsa wagtyň geçmegi bilen ulanmakdan galyp arhaizmleşipdir, birnäçesi bolsa fonetik we semantik taýdan üýtgeşmä sezewar bolupdyr.

Biotehnologiýa — ösüşiň döwrebap ugry

Milli ylmy ösüşleriň gözbaşynda duran esasy ugurlaryň biri-de biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýa — janly bedenleriň, olaryň ulgamlarynyň ýa-da biologik häsiýetleriniň önümçilikde ulanylmaga uýgunlaşmasydyr. Biotehnologiýa arkaly anyklaýyş serişdelerini, iýmitleri, dökünleri we dermanlary öndürmek mümkin. Biologiýa, himiýa we tehniki ylymlaryň özeninde dörän ylmy we tehnologik ösüşiň dersara ugruna biotehnologiýalar diýilýär. Gadymy döwürlerden bäri adamlar çörek bişirende, turşadylan gönezligi we kyrkgasanak şiresi bilen fermentlenen süýt önümlerini taýýarlamakda biotehnologik iş usullaryndan peýdalanypdyrlar. Şol döwürlerde mikroorganizmleriň kömegi bilen fermentasiýany amala aşyrmaklyk adamzadyň amaly işlerinde özüniň wajyp orundadygyny äşgär edip başlapdyr. Biotehnologik amallar bakteriýalary, hamyrmaýany, mikroskopik kömelekleri we suwotulary ulanmak bilen ýerine ýetirilýär. Munda döreýän dürli mümkinçilikler belli bir maddalaryň öndürilmegine şert döredýär. Häzirki wagtda biotehnologiýalar çalt depginlerde ösmek bilen ýlmy we tehnologik ösüşleriň öňdäki orunlaryny eýeleýär. Himiýanyň we fizikanyň gazananlaryna esaslanýan biologiýa ylmynyň has ösendigi üçin biotehnologiýa ulgamynyň işi has ilerleýär. Ylmy açyşlar milli ýkdysadyýetimizde, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda we daşky gurşawy goramakda juda ähmiýetli orna eýedir. Biohimiýa we molekulýar biologiýa pudagynda

Halkara sport baýramçylygy dowam edýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 26-njy iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ösüşdir özgerişler, şanly wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Terbiýe mekdebi

(hekaýa) Bu waka tomusky dynç alyş möwsüminde bolup geçdi. Myrat her tomusda şäherden atasynyň ýanyna oba gelerdi. Özi hem hut atasynyň ýanyna gelse, onuň yzyndan galmazdy. Edil ulaldylyp kiçeldilen ýalydyr. Atasynyň çaý içişini, kitap okaýşyny, hereketlerini gaýtalardy. Esen aga agtygynyň özüne meňzejek bolup ýörşi ýaraýardy. Şonuň üçin hem ol agtygyny «köşegim» diýip söýgülärdi. Bu sözi Myrat ilkiler geň görerdi. Hawa-da, şäherde köşek ýok, düýe ýok. Onsoň bu söz şäherde beýle kän aýdylmaýardy, kitapda okaýmasa. Bir gün ol bu sözüň manysyny düşündirmegi enesinden sorady:

Sagdynlygyň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda dünýä nusgalyk işler bitirilýär, belent sepgitlere ýetilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, adamyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlary ýokary derejeli we oňat hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamynyň işi kämilleşdirilip, halkara ülňülerine laýyk getirilýär.

Çagalaryň arasynda geçirilen dabaralar

27-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Merkezlerde dynç alýan çagalaryň beýik söz ussadyna, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna, eziz Diýarymyza we beýik ösüşlerimize, bagtyýar çagalyga bagyşlap öz düzen goşgularyny okamaklary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda teatr ussatlarynyň, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň çykyşlaryna, aýdym-sazly edebi çykyşlara orun berildi. Şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň tans çykyşlary has-da täsirli boldy. Bu ýerde gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesi bişirildi, milli senetçilik we el işleri ýerine ýetirildi. Bu uly çärede çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnadylar.