Bäsleşik täsirli geçdi

30 Iýul 2024
259

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy», aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, çagalaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde, çagalaryň kadaly iýmitlenmeklerini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýän hem-de öňdebaryjy iş tejribesi bolan şepagat uýalaryny we aşpezleri ýüze çykarmak bäsleşigiň baş maksady boldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar