Çagalaryň arasynda geçirilen dabaralar

28 Iýul 2024
440

27-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Merkezlerde dynç alýan çagalaryň beýik söz ussadyna, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna, eziz Diýarymyza we beýik ösüşlerimize, bagtyýar çagalyga bagyşlap öz düzen goşgularyny okamaklary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň dowamynda teatr ussatlarynyň, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň çykyşlaryna, aýdym-sazly edebi çykyşlara orun berildi. Şeýle hem çagalar döredijilik toparlarynyň tans çykyşlary has-da täsirli boldy. Bu ýerde gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesi bişirildi, milli senetçilik we el işleri ýerine ýetirildi. Bu uly çärede çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnadylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar