Işler guramaçylykly alnyp barylýar

30 Iýul 2024
511

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar.

Şu günler Sarahs etrap bilim bölümine degişli mekdeplerde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Sarahs etrap bilim bölümine degişli 27 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirildi. Mekdepleriň howlusyndaky baglaryň düýpleri ýumşadylyp, agardyldy. Bilim ojaklarynyň çäginde doly derejede arassaçylyk işleri gözden geçirildi. Synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň abatlygyna seredildi. Kitaphanalardaky kitaplaryň arassalygyna, üpjünçiligine hem doly derejede ähmiýet berildi. Bu babatda etrabyň 1-nji, 9-njy, 11-nji, 17-nji, 19-njy, 21-nji, 27-nji mekdepleri işlerini öňdäkileriň hatarynda tamamladylar.

Azat ÖWEZGURDOW,
Sarahs etrap bilim bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar