"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada şulary ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär, ýagny elektrik ulgamyna birikdirilen elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak bolmaýar, şeýle-de näsaz bolan hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolan ýörite serişdesiz ütügi ulanmagy gadagan etmeli. Kebşirleýiş we açyk ody ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmegi gadagan etmeli. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan geçirilip, ol ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw  duşuşygy döwletara  gepleşikleriň netijeli formatlarynyň biri  bolup durýar. Şu gün Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna uly ähmiýet berilýär. Ilki bilen, «Akorda» köşgünde sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny Gazagystanyň Prezidenti tarapyndan garşylamak dabarasy boldy. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz ýokary derejede garşylandy. Howa menzili Merkezi Aziýa döwletleriň baýdaklary bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, şu gün Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy bolar. Munuň özi dost-doganlyk halklaryň medeni, ynsanperwer, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda asylly ýörelgä eýerýändiklerini alamatlandyrýar.

Dynç alyş günleri ruhubelentlige beslenýär

Awazanyň ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly howasyndan dem alyp dynç alýan çagalaryň ruhlary belentde. Dynç alyş möwsüminde guralýan sport çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar çagalaryň göwünlerini heýjana salýar. Olar medeni çärelere, sport ýaryşlaryna, döredijilik duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Bu gün çagalar säher bilen deňiz howasyndan dem alyp, gezelenç etdiler. Soňra «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň uly toparlarynyň arasynda «Sport – parahatçylyk, sagdynlyk, ruhubelentlik we dostluk» atly sportuň woleýbol, futbol görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. 

Çäreler täsirli geçýär

        Awazanyň gözel künjegine dynç almaga gelen çagalar we Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary häzirki wagtda dynç alşyň täsirli günlerini başdan geçirýärler. Bu gün çagalaryň dynç alşy deňiz kenaryna  gezelençden başlandy. Çagalaryň dynç alşy «Daýanç» sagaldyş merkezindäki medeni  çäreler bilen utgaşdy. Merkezde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda çagalar Magtymguly Pyragynyň  dürli dillere terjime edilen şygyrlaryny ýatdan aýtdylar. Çeper okaýyşlary hem ýerine ýetirdiler. 

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda halklaryň arasyndaky dost-doganlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky halklaryň bähbidine gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Binagärligiň ajaýyp nusgasy

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesi

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Ata-babalarymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, maslahat etmek esasy ýörelgeleri bolupdyr. Pederlerimizden miras galan şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Beýik ösüşlere beslenýän Diýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkyň medeni hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter gowulanýar. Türkmenistany syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň barşynda öňde duran möhüm wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, esasan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir.

Eziz Watan köňül buýsanjymyzdyr

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, ýurdumyzda buýsandyryjy özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhy beýik işler bilen şöhratlanýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde iň öňdebaryjy, ykdysady ösüşe eýe bolan döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda — syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde beýik ösüşleri üpjün edýän uly işler durmuşa geçirilýär, maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda belent özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça her bir pudak, her bir ulgam üçin anyk meýilnamalar işlenip düzüldi, olaryň öz wagtynda amal edilmegini üpjün edýän şertler döredildi. Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, halkymyzyň milli agzybirligini pugtalandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar we oňyn başlangyçlar işjeň dowam etdirilýär.

Awaza — dostluk mekany

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede geçirilipdi. Şol bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Halkara ylmy jemgyýetçiligi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän zamanada islendik ugurda öňegidişlik gazanmak üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we täzeçil çözgütleriň önümçilige, söwda we hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýär. Tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, olardan netijeli peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipä öwrülýär. Döwür bilen deň gadam urup, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, innowasion ulgamlardan baş çykarýan hem-de olary yzygiderli kämilleşdirmäge ymtylýan hünärmenler zerurdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak maksady bilen, bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim ulgamy innowasion tehnologiýalary bilim we terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, geçirmek we saklamak bilen baglanyşykly amallary hil, howpsuzlyk, ýeňillik taýdan täze de

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpeleri okuwa höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli beýik işler, asylly ýörelgeler, belent maksatly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, saglygyny, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.

Nusgawy edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti

Mizemez şan-şöhrata eýe bolan mukaddes türkmen topragynda Hoja Ahmet Ýasawy, Mäne baba, Möwlana Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe beýik danalar, akyldar şahyrlar baý edebi miras galdyrypdyrlar. Olaryň edebi taglymaty, çuňňur pähim-paýhasy ynsan gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy hem edebiýatda pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldar şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesindäki asylly ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär . Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegi onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär .

Döwrebap okuw esbaplary

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Satuwa çykarylýan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan, laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Edebi mirasymyzda milli ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň esasy ugry bolsa milli terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem nesilden-nesle geçip gelýän milli ýörelgeleri ösdürmek hem-de ýaşlara öwretmek baş maksadymyz bolup durýar. Bu terbiýe asyrlaryň dowamynda ýöredilip gelnipdir we onuň esasynda kämil ynsanlar, watansöýüji ýaşlar ýetişipdir. Şonuň üçin milli terbiýäni öwrenmek we nesil terbiýesinde peýdalanmak möhümdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara nusgawy edebiýatymyzy, esasan hem, akyldar şahyryň goşgularyny öwretmek we wagyz etmek maksadalaýykdyr. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyzyň dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasy gollanma bolup durýar. Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagalla edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde giňden şöhlelenýär. Halkymyzyň milli terbiýeçilik ýörelgeleri nakyllarda hem beýanyny tapýar. Nakyllaryň akyldar şahyryň goşgularynda giňden beýan edilýändigini hem bell

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, aşakdaky maslahatlary bilen ýüzlenýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregini haşal otlardan arassalamaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, beýleki tiz tutaşýan çig mallar düşelmeli däldir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Şikesleri bejeriş Halkara merkezi ýurdumyzda trawmatologiýa we ortopediýa ugry boýunça daýanç-hereket ediş ulgamyndaky keselleri anyklamakda we bejermekde, näsaglarda soňlugy bilen dikeldiş bejergilerini alyp barýan öňdebaryjy merkezleriň biri bolup, halkymyza hyzmat edýär. Häzirki döwrüň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan şikesleri bejeriş Halkara merkezinde işine ussat hünärmenler zähmet çekýärler.

Sapaly dynç alşyň şatlygy

«Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň uly höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi.  Irden başlanan sport çärelerinden ruhlanan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sport çärelerinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar  gowşuryldy.  Soňra  bu ýerde dynç alýan çagalar «Awaza» akwaparkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahnalarda mähriban dostluk, ajaýyp çagalyk döwri baradaky wakalar görkezildi. Soňra bu ýerde çagalaryň  bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary ýatda galyjy boldy. Çagalar erteki gahrymanlary bolan  aýy, alabaý, towşanjyk, gurbaga, möjek, bars bilen bilelikde şatlandylar. Muňa Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.