"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly we yzygiderli ösýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde syýasatda, ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamynda we medeniýetde giň gerimli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän beýik işlere, döwrebap ösüşlere daýanyp, ýurdumyzy düýpli özgertmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlar syýasaty we milli bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere daýanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri, bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem häzirki taryhy döwürde öz hünäriniň ussady bolup kämil pikirlenip bilýän, sagdyn, bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Çagalar — durmuşyň güli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar — biziň geljegimiz. Geljek hakynda, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada etmek bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelge häzirki wagtda giň many-mazmunda ösdürilip hem baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň aýratyn üns-alada, mähir, söýgi bilen gurşalyp alynmagy we döwrebap terbiýelenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olar üçin gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri-de Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 142-nji çagalar bakja-bagydyr. Bu çagalar bakja-bagy binagärlik taýdan-da, dürli agaçlary gök öwsüp oturan, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary öz içine alýan giň howlusy bilenem nazaryňy, ünsüňi özüne çekýär. Bu mekdebe çenl

Kitap — ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyzda kitap, neşirýat, kitaphana işleri döwrebap ösdürilýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň, talyplaryň arasynda kitaba bolan söýgi, hormat barha artýar. Aslynda, ata-babalarymyz hem pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaba hormat bilen garapdyrlar. Taryhyň islendik döwründe-de kitaplary döredýän dana adamlar il arasynda uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Il-ýurt bähbitli maslahatlarda, toý-tomaşalarda şol parasatly adamlaryň orny mydama törde bolupdyr.

Ýaş zehinler bäsleşdiler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada dünýäniň döwletleriniň 12-sinden 81 talyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 133 talyp gatnaşdy. Ony guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Bu olimpiada iki tapgyrda A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa we himiýa tehnologiýasy ugry boýunça okaýan talyplar, B derejede beýleki hünärlerde bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň oba hojalygyndaky möhüm ugurlar

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitlilik, dostlukly gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

«Hakyda göwheri» — şöhratly taryhymyzyň beýany

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň hasabatlary diňlenildi. Maslahatda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garalyp, degişli maglumatlar aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry) Eziz watandaşlar!

Türkmenistan — BAE: hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan bu günki gün dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlyk netijeliligi bilen tapawutlanýar. 25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Döwrebap sanly ulgam ösdürilýär

Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ilata durmuş taýdan hyzmat etmek ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly hyzmatlaryň ýola goýulmagy döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň innowasion görnüşlerini döredýär, işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrýar. Munuň özi ilata, hususy pudaga hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň geriminiň, raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär, tehnologik habarlylygy, sanly sowatlylygy ýokarlandyrýar, jemgyýet bilen edara-kärhanalaryň gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýän döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň hödürleýän hyzmatlaryny sanlylaşdyrmagyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna ýetirýän täsirinden, milli hem daşary ýurt tejribesinden ugur alyp, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edarala

Baky bagtyň şuglasy

Hemişelik Bitaraplyk — baky bagt! Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşmek bilen, dünýäde parahatçylygy öňe sürýär. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýany öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylyk taglymaty uly goldaw tapýar.

Ulag diplomatiýasynyň rowaçlygy

Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly ýerde ýerleşmegi dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kabul edilýän Milli maksatnamalarda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bu gün durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesi aýdyň görkezýär.

Usuly-amaly okuwlar işjeň ýagdaýda geçdi

«Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biz — mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi ösdürilýär. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmuny hil taýdan täzelenýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýada bellenen wezipeleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilýän işleriň many-mazmuny baýlaşdyrylýar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrülýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen möhüm resmi

Ähli ösüşleriň gözbaşy

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, ylmy işgärleri, mugallymlary gatnaşdylar. Bu ylmy maslahatda türkmen-hytaý kärdeşleriniň birnäçesiniň çykyşlaryna hem uly orun berildi. Ylmy maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy üns bilen diňlenildi. Gutlagda: «Häzirki wagtda ylmyň çalt depginler bilen ösmegi täze innowasion ugurlaryň ýüze çykmagyna, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ylym ulgamyny täze sepgitlere çykarmagy, ylym, innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş wezipeleri hökmünde kesgitläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Biz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän senagat öwrülişiginiň täze tapgyrynda halkara ähmiýetli maksatnamalary, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidýäris, halkymyzyň ýaşaýyş-durmu

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ene dilimize söýgi döretmek Ene dilimiz hakynda giňişleýin düşünje bermek gadymy sözlerimiziň manysyny düşündirmekden, söz baýlyklarynyň ähmiýeti hakynda beýan etmekden başlanýar. Okuwçylar sözleriň manysyna düşünmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde ene dilimize söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ene diline sarpa goýýan ýaşlar milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize, gadymdan gelýän medeniýetimize hem çuňňur sarpa goýýarlar. Onuň üçin hem ene dilimiziň gymmatlygy, sözleri hakynda köp pikir ýöretmeli, bular hakynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermeli. Sapakda dil bilimi, dilimiziň sözlük gory, leksikologiýa barada düşündirýärin. Sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýarys we dil we sözleýiş medeniýeti baradaky pikirlerini beýan etmeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylaryň öz pikirlerini beýan edip bilmekleri dil bilimine, ene dilimiziň baýlyklaryna düşünjäni kemala getirýär.

Akyldar şahyra belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri nusgawy edebiýatymyzyň, meşhur şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasydyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, täze ruh bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan, söz mülkünden köşk gurup, adamzat ähliniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy ýurdumyzda belentden tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine iňňän ýokary ähmiýet bermek bilen, şeýle belleýär: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr». Akyldaryň il-halkyň, adamzat kowmunyň agzybirligine, jebisligine, ynsanperwerligine bagyşlanan pikirlerini döwletara gatnaşyklara geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary taýsyzdyr. Dostlukly ýurtlarda akyldaryň ýadygärlik heýkelleriniň oturdylmagy, goşgularynyň çap edilmegi onuň ýagty pikirleriniň muşdaklarynyň köpdügini aňladýar. Magtymgulynyň ýoly, goýup giden beýik mekdebi özünden soňky nesiller tarapyndan hemmetaraplaýyn dowam etdirildi hem-de ösdürildi. Onuň edebi mekdebini ençeme n

Ömrümiziň guwanjy, röwşen geljegiň daýanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň päk ahlakly, terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrüň talabyna laýyk gelýän kompýuterler, tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalýarlar. Döredijilik bäsleşiklerine, halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýan, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri bolýan çagalar öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen diňe bir öz ata-enelerini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär. Watanymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky edilýän aladalar bimöçber. Ýaş nesiller Gahryman

Kitap — bilimler çeşmesi

Kitap egsilmez hazynadyr. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Özi hem döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Şonuň üçin hem ylmy gözlegde bolmak we kämillige gadam basmak ylmy garaýyşlaryň üsti bilen mümkin bolýar. Geçmişdäki danalaryň, alymlaryň paýhasly jümlelerini öwran-öwran okaýarys. Bu parasatly sözler durmuş, ylym, dost-doganlyk hakyndaky pikirleri özünde jemleýär. Bu jümleleri okamak, ýol-ýörelge edinmek ynsanyň kämilligi bolup durýar. Emma iň esasy kämillik okamakdyr. Okaýan ynsan kämillige ýetýär, giň düşünjeli bolýar, ylym-bilime düşünýär. Kämillige barýan ýol okamagyň üsti bilen amala aşýar. Türkmen halky kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýýar. Esasan-da, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgämizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitabyň many-mazmuny hakynda çuňňur beýan edýär. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler.