"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Röwşen geljege rowaç gadamlar

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar. Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki

Belent maksatly aýdyň wezipeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen we gönüden-göni parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Şu maksat bilen ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, öňde goýulýan wezipeleriň netijeli çözülmegi gazanylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmegi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegi bolsa, öz nobatynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işlerinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Muny halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işlerde aýdyň görmek bolýar. Bularyň hemmesi Prezident Maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Bilim bermegiň täze mümkinçilikleri

Giň göwrümli hem-de aýdyň maksatly beýik işleriň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üstünlikli amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň açylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini çözmek meseleleri netijeli häsiýete eýe bolýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Elektron resminama hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, milli we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde sanlylaşdyrylan ulgam esasynda geçilýän sapaklar netijeliligi, mazmuna baýlygy we gyzyklydygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli pudaklara sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa baglylykda ýurdumyzyň ähli bilim edaralary, orta, ýörite orta, ýokary bilim mekdepleri iň ösen tehnologiýalar, multimedia enjamlary, elektron kitaphanalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin, Gahryman Arkadagymyzyň

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmagyň möhümdigini belleýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär hem-de sanly ulgamy ählumumy okatmak we bu ugurdaky bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ugry babatda ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy.

Ýetilen sepgitler, öňde durýan wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň alyp barýan syýasatymyz mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň döredijilik gözleglerini we hünär kämilligini talap edýär. Häzirki zaman usullaryny oýlap tapmak, okatmagyň täze tärlerini işläp düzmek, halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alan Watan, maşgala, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlary, agzybirlik we jebislik, bilim hem-de ylym ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak her bir mugallymyň we bilim işgärleriniň baş wezipesi bolmalydyr» diýip belleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara döwrebap bilim öwretmekde, olary milli terbiýe esasynda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu barada bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gazetimiziň şu sanynda bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlaryndan taýýarlanan maglumatlary okyjylarymyza ýetirýäris. Ahal welaýaty

Şirin zybanym — baýlygym

Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda ylym-bilime uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde millilige, ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da guwandyryjydyr. Halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan türkmen dilini hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürmäge hem-de onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga we olary kämil, ýeterlik derejede çap etmäge döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda öz ene diline buýsanjy has-da artdyrýar. Dil halkymyzyň ruhy baýlygy bolmak bilen bir hatarda ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň gözbaşydyr. Şonuň üçin türkmen diliniň söz baýlygyny ýaş nesillerimize öwretmek diňe bir mugallymlaryň borjy bolman, eýsem terbiýeçileriň, ata-eneleriň we ýaşuly nesliň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmen dilindäki sözler öz gözbaşyny örän irki döwürlerden, gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden alyp gaýdýar. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary şol ýazuw ýadygärlikleriniň bir bölegidir. Ýazuw ýadygärliklerimiz ene dilimizi çuňňur öwrenmäge hem-de özleşdirmäge uly mümkinçilik döredýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap bolup, halkymyza ýaýran, «Türkmen diliniň orfografik sözlügi», iki tomdan

Iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Biz şu makalamyzda ýörgünli daşary ýurt dili bolan iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada söz açmak isleýäris. Hormatly kärdeşlerimiz häzirki wagtda bu dili okatmakda netijeli hasap edilýän usulyň kommunikatiw, interaktiw (özara işjeňlik) usuldygyny hem oňat bilýändirler. Muňa garamazdan, biz kärdeşlerimize işiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, käbir usuly maslahatlary bermegi makul bildik.

Ýagşylyk we ýagşy häsiýet hakynda

Halk döredijiliginiň dürler hazynasynda ynsanyň ahlagyny bezeýän ajaýyp sypatlar hakynda ençeme nakyllardyr atalar sözi, rowaýatlar bar. Olar üstünden ençeme asyrlary aşyran, her döwürde üsti ýetirilip taraşlanan hem bolsa, özünde ynsanyň ahlak gözelliklerini saklaýar. Halk döredijilik eserlerinde ýagşylyk ýaýylyp, ýamanlyk ýazgarylýar. Bu eserler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilipdir.

Paýhaslar ummanynda

Kitaplar bilen asyrlaryň jümmüşine aralaşdygyňça, ynsan kalbyny buýsandyran bahasyna ýetip bolmajak paýhas ummanynda gulaçlap ýüzýärsiň. Adamy özüne maýyl edýän dürdäneler hazynasy — kitaplar türkmeniň geçmişinden, şu gününden habar berýär. Ir döwürlerden bäri kitaplar halk hakydasynda ýaşap, häzirki bagtyýarlyk günlerimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşymyza şamçyrag bolup şöhle saçýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap düre deňelýär. Onda nakyllardyr atalar sözi özüniň beýanyny tapýar.

Ýanlyk

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salanyňda, diňe bir ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem olary gaýtadan işlemegiň kämil usullaryny hem döredendigini görmek bolýar. Dänesi ýagly önümleri gaýtadan işlemekde ulanylýan juwazlar, nah, ýüpek, pagta süýümini gaýtadan işlemekde ulanylýan taralar öz döwrüniň kämil enjamlary hökmünde tä soňky döwürlere çenli köpçülikleýin ulanylyp gelindi. Ýeri gelende aýdylsa, seýrek ýagdaýlarda bolsa-da, olar halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklary hökmünde häzirki döwürde hem saklanylýar. Süýdi gaýtadan işlemekde hem kämil usullar döredi. Şonuň netijesinde süýtden mesge, dorog, gurt, gymyz, agaran, süzme, çekize, garagurt ýaly onlarça görnüşli süýt önümleri öndürilýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak ýola goýlup, halk bähbitli uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzy dürli ýokanç kesellerden gorap, olaryň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýän derman serişdeleriniň, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Biz saglygy goraýyş işgärleri bolup, adamlara sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk kadalary barada yzygider maslahatlary berýäris, düşündirýäris. Munuň özi ilatymyzyň arasynda arassaçylygyň saklanmagyna oňat täsir edýär. Şeýle hem ilatyň dogry iýmitlenmeklerini, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmeklerini, ondan soň çaganyň aýyna-ýaşyna görä maşgala lukmanlary ýa-da şepagat uýalary bilen maslahatlaşyp, çagalaryna goşmaça iýmiti bermeklerini hem-de olara dogry ideg etmeklerini, çagalary ýaşyna görä dürli oýnawaçlar bilen oýnatmaklaryny ündeýäris. Çagalarymyz bilen dürli oýnawaçlary bilelikde oýnamak, olar uka gitmänkä kitap okap ýa-da erteki aýdyp bermek, has kiçi ýaşly çagalary bolsa hüwdi bilen hüwdüläp ýatyrmak olaryň kiçilikden ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmekde berk bedenli, dürs pikirli, aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ynsan bolup ýetişmeklerinde aýratyn orny bar. Dürli edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, tegelek stollaryň başyndaky söhbetdeşliklerde sportuň dürli görnüşleri bile

Şygryýet bossany

Üzärlik Bu giňiş sähraTutuş gülzarlyk.Bu üýtgeşik ot,Seret — üzärlik.

Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmegi esasy ugurlaryň biridir. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Berekede beslenen ýyl

Kerwen gurap gelýän ýyllar döwleti bilen gelýär. Tamamlanan 2020-nji ýylymyz — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýylýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik tutumly işler amal edildi. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlandy. Ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýän ýurt hökmünde dünýä äşgär edildi. Ýurdy ösdürmekde kabul edilen maksatnamalar abraý bilen berjaý edilýär. Merdana halkymyza şanly wakalary getiren geçen ýylymyz şatlykly, rysgal-bereketli, iň bir düşümli, ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda amal edilen beýik işler buýsanç bilen bellärliklidir. Mähriban Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda maksada okgunly beýik işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleri uly

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişliklere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze — 2021-nji ýyl uly şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagynda şeýle bellenýär: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris». 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly taryhy seneleriň, halkara derejesinde uly at-abraýyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, iri tutumly maksatlaryň, beýik sepgitleriň ýyly boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezdi. BMG-ä agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Sanly bilim — täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç

Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna çäksiz buýsanjymy watandaşlarymyz bilen paýlaşasym gelip, elime galam aldym. Şonda ilkinji bolup serime dolan pikir döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara ösen dünýäniň derejesinde kämil bilim bermek üçin edýän köpugurly tagallasy boldy. Şol tagallanyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Başarjaň, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagy ýaşlykdan başlamalydyr. Mundan beýläk Türkmenistanda, şäher ýa-da obadygyna garamazdan, multimedia tehnologiýalary we internetiň bütindünýä hab

Sagdyn hem-de bilimli ýaşlary ýetişdirmek

Ýakynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipeleri boýunça geçirilen maslahatda «Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli» diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi. Munuň özi bilim-terbiýeçilik, medeni-jemgyýetçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň has-da işjeňleşdirilmegine, guramaçylyk we usulyýet babatda kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli ýörelgelerimize laýyklykda, ýaşlara türkmençiligiň asyl nusgasynda terbiýe bermek wagyz-nesihat işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, milli jemgyýetçilik-köpçülik işlerinde ýaşlaryň terbiýesine we sagdyn ösüp kemala gelmeklerine bagyşlanan çärelere aýratyn orun berilýär. Bu asylly wezipeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşdirilýär we döwrüň ruhuna görä wagyz-nesihat çäreleri, medeni-jemgyýetçilik işleri işjeň amala aşyrylýar.

Netijeli ulgamyň giň mümkinçilikleri

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Bu hem sanly ulgamy döwrebap ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Öňdebaryjylaryň iş tejribeleri öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin bilim ulgamyna täzeçe usullar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynda ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermek, edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine giňden ornaşdyrmak, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen geçen usuly-amaly okuwa Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri taýýarlykly geldiler. Iki gün dowam etjek usuly-amaly okuwlar şäheriň ýöriteleşdirilen 3-nji, 21-nji we 22-nji orta mekdeplerinde guraldy. Onda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak bilen bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri bolan hünärmenler diňlenildi. Şeýle-de, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mekdebe çenli bilim bile

Iş­jeň mas­la­hat — kä­mil­li­ge ba­dal­ga

Döwlet Baştutanymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, geçen okuw ýylynyň jemine seljerme bermekde, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýeti uludyr. Orta mekdeplerde, mekdebe çenli we mekdepden daşary bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini, okuwçylara netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy iş tejribäni ýüze çykarmak, öwrenmek, umumylaşdyrmak möwsümleýin geçirilýän usuly-amaly okuwlaryň esasy maksadydyr.