"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli terbiýe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň pugta binýadyny gurmak, ýurdumyzy ösdürmek we dünýä tanatmak her bir şahsyýetiň zähmetine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her bir adamda, esasanam, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Pederlerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan dana sözlerinde ösüp gelýän çaganyň ykbalyny kesgitleýji pikirler bar. Şol nukdaýnazardan, çagalykdan dogry ýola ugrugmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Çagalara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimini, zehinini yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap, ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek wagty bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýaş nesilleriň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, bilimli-ylymly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň kämil adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalary netij

Sagdynlyk — iň uly baýlyk

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Watana wepalylyk — mukaddes borç

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri

Maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi onuň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

6-njy ýanwarda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň žurnalistleri işjeň gatnaşdy. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň žurnalistleri onlaýn görnüşinde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Maslahatda geçen ýylda alnyp barlan işler barada giňişleýin beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, köpçülikleýin ýaýradylmagynyň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä derejesinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, tamamlanan ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýi boldy. Bu sene Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gabat gelýär. Şonuň üçin hem bu şanly sene taryhy wakalara mynasyp boldy. Maslahatyň dowamynda Aşgabat jemleýji resminamanyň Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny barada hem giňişleýin gürrüň edildi.

Aýdyň maksatly beýik işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly ruhubelentlik hem-de zähmet joşguny bilen garşylandy. Ýylyň adynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolmagy onuň syýasy jähetden ähmiýetini artdyrýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýändigini aýdyň görkezýär. Ýylyň mynasyp atlandyrylmagy öňde duran belent maksatlara ýetmäge uly mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda belent maksatlar amal edilip, senagatlaşdyrmak işi ýokary depgine eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmak baradaky tagallalar birjik-de ünsden düşmeýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýylyň ýyldan zyýada gelşi ýaly, bu döwletli ýylda hem döwletli tutumlarymyz uly üstünliklere beslener. Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Täze ýyl gutlagynda bu barada şeýle belleýär: “Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga b

Täze üstünlikler — bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip parasatlylyk bilen bellemegi ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we özboluşly many öwüşginlerini berýär. Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün edýän milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Gahryman Arkadagymyz ylmyň döwletiň kuwwatydygyny, şoňa görä-de, ýurdumyzy okgunly ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri durmuşa geçirýändigimizi yzygiderli belleýär. Bu halk bähbitli işlerde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, Diýarymyzda bu ulgama düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Bitaraplyk ýolunda haýyr işlere berip şan,Dünýe içre şugla saçýan nurly daňyň atany.Hoşniýetli dostluga şaýol salan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň Aşgabat şäheri boýunça ýeňiji bolan çagalaryň 19-syna sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden bu bäsleşigine ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň, aýdym-saz we döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň we döredijilik toparlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Netijede, bu ugur boýunça tapawutlanan çagalaryň 64-si we 2 sany çagalar döredijilik toparlary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Ene dilini öwretmekde möhüm ugurlar

Çagalyk — ynsan durmuşynyň iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde çaganyň sagdyn ösüşiniň hem-de bütin ömrüniň dowamynda öwrenmeginiň esasy goýulýar. Mekdebe çenli bilimde öwrediji oýunlar, göwnaçmalar bilim bermegiň esasy usullarynyň biri bolup durýar. Oýun çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ol çaganyň fiziki, emosional we durmuşy ösüşine täsir edýär. Oýun çaga işjeňliginiň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ünsüni, ýadyny, göz öňüne getirmesini ösdürýär, tertip-düzgüni kemala getirýär. Bu işler başlangyç synplarda hem dowam etdirilýär. Milli bilim ulgamynyň öňünde durýan giň möçberli wezipeleriň biri bilimiň hilini, netijeliligini innowasion esasda ösdürmekdir. Bilim-terbiýeçilik edaralary ýokary derejedäki innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi we bu işler dowam edýär. Bilimiň innowasion çemeleşmeleri häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny her bir terbiýeçiniň, mugallymyň kämil ulanmagyny talap edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we başlangyç synplarda ene dili sapaklary geçilýär. Bu sapaklarda her bir terbiýeçi, mugallym özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanyp, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar. Okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk alyp barmakda elektron bilim gorlaryny edinmegiň ähmiýeti uludyr. Elektron bilim gorlary bilim maksatlary üçin ulanylýan elektron gor

Sowatly ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä dillerini suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň s

Sanly bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde hem-de ähli ulgamlaryň, şol sanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň: guramaçylyk we hukuk binýadynyň, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçiligiň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Taryhy ösüşiň häzirki tapgyry ylmy-tehniki we durmuş ösüşiniň tizleşmegi, täze pikirleriň we tehnologiýalaryň giň gerimde ýaýramagy bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçin bilimiň innowasion esasda berilmegi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar

Türkmen halky gelin-gyzlary başynyň täji, maşgalasynyň mertebesi saýýar. Gyz maşgala enesidir mamasyndan, ejesinden öwüt-ündew alýar, olar çaga üçin görelde bolup durýar. Her bir maşgalada gyzlara kiçiliginden başlap, ýönekeýje edep kadalarynyň, tagam taýýarlamagyň, keşde çekmegiň öwredilmegi, arassaçylyk işlerine ugrukdyrylmagy gyz maşgalanyň geljekki durmuşynda köp peýda getirýär. Türkmen gyzlarynyň edep-ekramy, seýkin basyp ýöreýşi, üst-başyna, saçyna-gaşyna timar berşi özbaşyna bir edep-ekramdyr. Olaryň elinden çykýan ajaýyp keşdeler gözellige düşünmegiň nusgasydyr. Zenan maşgalalarymyzyň egin-eşigine türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak älemgoşar öwüşgini siňipdir. Hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky aladany döwletiň esasy aladasy hasaplaýar. Halkymyzyň durmuşyna degişli ähli meseleler bilen bir hatarda, ýaş nesli terbiýelemegi, oňa bilim bermegi, hak-hukuklaryny goramagy döwlet öz üstüne alýar. Mähriban Prezidentimiziň: «Çagalar — biziň geljegimiz, olar ýurdumyzyň ertirki eýeleri. Iň arzyly isleg-arzuwlaryň, beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watanymyzda çagalar hakdaky alada hiç mahal ünsden düşürilmez» diýip, mähir we parasatlylyk bilen aýdan sözleri çagalarymyzyň bilim almaklary, hünär edinmekleri, döwrebap hem bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Derwaýys sapak (hekaýa)

Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide gözüne äýnegini dakyp, Didarberdi Haýdar ogly gazet okap otyrdy. Ýaşy ýetmişden geçen ýaşulynyň ýanynda ýene-de birnäçe gazet, žurnal hem-de kitap bardy. Ol häzir hormatly dynç alyşdady. Manyly ömrüniň tegelek elli ýylyny Didarberdi aga orta mekdepde okuwçylara taryh sapagyndan bilim beripdi. Ol okumyş adamdy. Didarberdi aga: «Okamak öwrenmekdir, öwrenmek pikirlenmekdir, pikirlenmek ýaşamakdyr» diýýärdi. Ýaşuly has-da çeper eserleri okamaga höwesekdi. Ol bu hakda şeýle pikire gol ýapýar: «Her bir çeper eser mugallym kysmydyr, onuň bilen içgin tanşanyňda, durmuşyň bir sapagyny özleşdiren ýaly bolýarsyň».

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi hem ertekilerdir. Ertekiler çagalarda ýagşy häsiýetleri oýarmaga ýa-da berkitmäge ýardam berýär. Çagalar ertekiden çeper sözlüligi, pikirlenmegi öwrenýärler. Erteki çagalarda pikirlenişi terbiýelemekde iň ygtybarly serişdedir. Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, olardan gadym eýýamlaryň täsin wakalaryny tapyp bolýar. Ertekiler özünde ýeňil düşünip bolýan wakalary, kähalatda bolsa göçme manyny saklaýar. Olaryň terbiýeçilik taraplary çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz neslini terbiýeläp gelipdir. Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýeti görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri okap bermeli bolýarys. Ertekiler çagada gowy häsiýeti terbiýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji synpa gelýän körpelere sowgat berýän kompýuterlerinde hem türkmen halk ertekileri aýdym-sazly görnüşde hödürlenipdir. Bu ertekiler çagalaryň aňynda hemişelik galýar, soňlugy bilen olaryň sözleýiş endikleriniň ösmegine kömek edýär. Multimedia tagtalarynda görkezilýän ertekiler hem çagalarda birek-birege hormat goýmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ene-atany sylamak, Watany söýmek ýaly häsiýetleriň terbiýelenmegine itergi berýär.

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Körpe nesli geljekki durmuşa ugrukdyrmak terbiýeçileriň döredijilikli zähmet çekmegini talap edýär. Munuň üçin bilim işgäri elmydama gözlegde bolmaly, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmeli. Sapakda, goşmaça geçirilýän işlerde çagalaryň işjeňligini artdyrmagyň usullaryndan ýerlikli peýdalanmaly, döredijilikli işe aýratyn üns bermeli. Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak yzygiderli işi talap edýär. Ýaş nesilde sporta, medeniýete, sungata, bilime höwes döretmek möhüm wezipelerdir. Şu maksat bilen biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, nusgalyk sapaklar guralýar.

Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

Çagalaryň ösüşini gazanmak, saglygyny goramak we berkitmek üçin alnyp barylýan işleriň içinde olaryň dogry iýmitlenmegini guramak esasy orunlaryň birini tutýar. Eger-de, çagalaryň iýmitlenişi dogry guralmasa, onuň islegine laýyk ýa-da ýeterlik bolmasa, bedendäki maddalaryň çalşygynyň kadalylygy bozulýar. Şeýle hem bedeniň daşky dünýäniň zyýanly täsirlerine garşy göreşmäge bolan ukyby gowşaýar, ýokanç kesellere garşy göreşijiligi peselýär. Çagalaryň iýmitlenişi uly adamlaryň iýmitlenişinden ep-esli tapawutlanýar, sebäbi ol diňe bir sarp edilen iýmitiň ýerini dolmak üçin däl, eýsem ösüp barýan synalaryň, boýuň, bütin bedeniň ösmegi üçin hem zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, adamyň bedeniniň 60% suwdan, 14% belokdan, 20% ýagdan, 1% uglewodlardan, 5% mineral maddalardan ybaratdyr. Dürli önümlerdäki ýokumly maddalaryň mukdary deň däldir, olaryň käbirlerinde belok, beýlekilerinde ýag we uglewod artykmaçlyk edýär. Beloklar — çylşyrymly jisim bolup, her bir janly öýjügiň özenidir. Beloklar et we et önümlerinde, süýtde, ýumurtgada, guş etinde bardyr we çörekde, ýarmada hem köp bolýar. Ýag bedende okislenmek bilen köp mukdardaky ýylylyk energiýasyny bölüp çykarýan esasy energetiki serişdedir. Şonuň üçin hem adamyň hemme synalarynda ýagyň bolmagy tebigydyr. Ýaglaryň özleşdirilişiniň hili olaryň nähili gyzgynlykda eredilendigine köp derejede baglydyr. 30-35°C gyzgynlykda eredilen mal ýaglary hem

Halk bähbitli beýik işler

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.

Ösüşiň netijeli ugry

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Elektron resminama we olaryň dolanyşygynyň hem-de sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän, bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Geçen ýylyň 14-nji martynda kabul edilip, güýje girizilen bu resminama boýunça elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa-aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, elektron maglumatlary alyşmak arkaly söwdany uzak aralykdan guramaga mümkinçilik döredildi. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň dürli pudaklary sanly ulgamy ýola goýýar. Munuň özi ilki bilen, döwrebap işleri alyp gitmäge ýardam berýär. Şeýle hem ösüşiň has-da ýokary hilli bolmagyny, işleriň tiz ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Şunda kompýuterleriň, innowasion tehnologiýalaryň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem häzirki ösen döwrümizde dünýäniň iň täze tehnologiýalary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da, bu ugur boýunça kämil hünärmenler taýýarlanylýar, ylym-bilimli ýaşlar ýetişdirilýär. Sözüň dol

Köňüller buýsanja beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyza uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. Bu ajaýyp ýylymyzda hem halkymyzyň durmuşynda şanly wakalar, ösüşli ýollar bolar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadan durmuşy, tutuş dünýäniň parahatçylygy barada beýik işleri durmuşa geçirýär. Şunda parahatçylygyň we abadan durmuşyň uly orun eýeleýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. Ynha, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem parahatçylygyň esasy ugurlaryň biri boljakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys. Eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigini buýsanç bilen bellemegimiz gerek. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Biz muny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginde hem görýäris. Mälim bolşy ýaly, şeýle beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde giňden tanalýar. Şonuň üçin hem şu ýylymyzyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň hem çuňňur many-mazmuny bar.