Takyk dersleriň okadylyşy kämilleşdirilýär
Orta mekdeplerde ene dili, edebiýat, taryh, matematika, tebigy dersler orta bilimiň esasyny düzýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bolsa, şol işleriň esasylarynyň biridir. Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri hem matematikadyr. Şu wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmagyň Meýilnamasyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: “Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir”. Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr. Matematika biziň daşky gurşawymyz: öýde-de, köçede-de matematika bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, başgaça aýdanymyzda — matematika durmuşyň özüdir. Hakykatdan hem, matematikanyň dilinde adamlar gündelik gürleýärle