Arkadagyň ak şäheri Aşgabat binagärlik taýdan barha gözelleşýär

19 Ýanwar 2021
1157

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyryp, şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri gurlup ulanylmaga berilýän täze binalaryň hasabyna dünýäniň iň owadan we ýaşamaga amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda ony binagärlik taýdan has-da baýlaşdyrjak we gözelleşdirjek binalaryň ençemesiniň gurluşygy depginli alnyp barylýar.

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Bu gezekki iş saparynyň barşynda milli Liderimiz gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar