Beýik işler — üstünliklere badalga

21 Ýanwar 2021
1625

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylymyz uly dabaralara, beýik tutumly işlere badalga berýär. Mynasyp derejede atlandyrylan ýylymyz many-mazmun taýdan bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa ähli watandaşlarymyzyň köňül buýsanjyny joşduryp, ajaýyp ýeňişlere besleýär. Biziň ýurdumyz asudalygyň, parahatçylygyň ýurdy hökmünde jahanda giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabaralara beslär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň ähli ugurlar boýunça möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Bu bolsa Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň, milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlylygynyň ähmiýetini aýan edýär.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar