"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

Adamzadyň umumy öýi bolan daşky gurşawy, tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdyr. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ösdürmek, kämilleşdirmek, ony nesillerimize asyl durkunda ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmeginde aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde gözel tebigatymyza we onuň baýlyklaryna, daşky gurşawa, ekologiýa söýgi döretmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Men hem iş tejribäme daýanyp, her bir guraýan sapagymda okuwçylarda tebigat, bizi gurşap alýan täsin dünýäniň dürli gözellikleri baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, okatmagyň netijeli usullaryndan — oýunlardan, görkezme esbaplaryndan, gyzykly maglumatlardan peýdalanýaryn.

Täze usuly gollanma

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýatynda O.Meläýewanyň, M.Annagulyýewanyň, K.Öwelekowyň, Ş.Ýegelekowanyň awtordaşlygynda “Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işlerini döwrebap guramagyň usullary” atly usuly gollanma çapdan çykdy. Bu usuly gollanma on üç bapdan we bölümçelerden ybarat. Kitabyň mazmuny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hem-de meýdançalarynyň işlerini döwrebap guramagyň usullaryna bagyşlanypdyr. Usuly gollanma ýurdumyzyň mugallymçylyk mekdepleriniň mugallymlaryna, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň we meýdançalarynyň ýolbaşçylaryna, terbiýeçi-pedagoglaryna, tomusky tejribeliligi geçýän talyplara niýetlenilipdir. Awtorlar usuly gollanmany taýýarlamakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işiniň ösdürilişini, kämilleşdirilişini we olarda işleriň ýokary derejede guralyşyny esas edip alypdyrlar. Usuly gollanmanyň mazmunynda “Merkezleriň we meýdançalaryň işleriniň döwrebap guralyşy”, “Merkezleriň we meýdançalaryň görnüşleri”, “Merkezleriň we meýdançalaryň içki düzgünleri” we beýleki baplarda dynç alyş we sagaldyş merkezleriň hem-de meýdançalaryň işini döwrebap guramagyň usullaryna degişli gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr.

Dil öwretmegiň aýratynlyklary

Diliň jemgyýetçilik hyzmaty her bir raýatyň köp dilleri bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülen Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Dünýäniň işewürleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Häzirki zamanyň barha ösýän işewür gatnaşyklaryny daşary ýurt dillerini bilmezden amala aşyrmak mümkin däl. Şonuň üçin, daşary ýurt dillerini öwredýän hünärmenleriň öňünde birnäçe mugallymçylyk wezipeleri durýar.

Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Ata-babalarymyzyň galdyryp giden golýazmalaryna, taryhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna nazar aýlasaň, türkmen halkynyň geçmişde ençeme şöhratly döwletleri gurandygyna, öz mukaddesliklerini apalap saklandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň syrly sahypalaryna näçe içgin aralaşdygyňça, ata Watanyň abadanlygy, il-günüň asudalygy üçin göreşen merdana gerçekleriň, ady älem içre ýaň salan şahsyýetleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Diýmek, türkmen halkynyň öz geçmişine buýsanmaga ynamly gadamlar bilen öňe gitmäge doly haky bardyr. Hawa, geçmişde ýagty geljege umyt baglap, nesilleriň erkinligine ýetmegini arzuwlan ata-babalarymyzyň ýagşy hyýallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Pederlerimiz dünýäniň parahatçylygyny ömürboýy köňüllerinde göteripdirler. Ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaşlary ata Watana bolan söýgi, şeýle hem milli gylyk-häsiýetlerimiziň ruhunda has kämil derejede terbiýelemekde Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki belli şahslarymyzyň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserlerine salgylanmak örän täsirlidir. Çünki taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahslarymyzyň eserleri, milli mirasymyz, taryhy gymmatlyklarymyz şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegini wagyz edýär.

Şygryýet bossany

Meniň okan kitaplarym Durmuşda ak ýola salan,Meniň okan kitaplarym.Aldyrypdy ele galam,Meniň okan kitaplarym.

Süýji buýanyň peýdasy

Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, saglygy dikeltmekde eziz Diýarymyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaby gymmatly ylmy çeşmelerdir. Kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk çaýlar ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtaýar. Il arasynda “süýji buýan” ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir, ol immun durnuklylygyny berkidýär.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Geçen anna güni Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Belent maksatly işlere giň gerim berilýär

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalan bu mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat —Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys. Täze üstünliklere gönezlik

Beýik işleri nazarlap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri ösüşleri, üstünlikleri bagyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Bu taryhy wakalar diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, eýsem goňşy halklaryň ösüşine hem oňat täsir edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň umumadamzat ösüşlerini nazarlaýandygyny ýene bir gezek aýdyň beýan edýär, sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, durnukly ösüşleri gazanmakda wajyp bolup durýar. Bu gün ýurdumyzda alnyp barylýän şeýle ägirt uly, beýik işleriň ähmiýeti umumadamzat bähbitlerini nazara alýar. Bu günki gün Türkmenistanyň ösüşleri has-da ýokary derejä eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň has-da ýok

Taryhy waka bagyşlanan maslahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl taryhy wakalara beslenip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda Lebap welaýatynda bolan taryhy wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegini, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegini bellemek bolar. Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky demir ýoly, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryny işe girizmek dabaralaryna bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi. Çärä ministrler, Türkmenistanda işleýän diplomatik korpusyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdele

Ylym-bilim — kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ähmiýet berýän bu ulgamy ähli raýatlarymyzyň ýaşaýşyna we medeniýetine dahyllydyr. Adamzat taryhynda örän uly ähmiýete eýe bolan bilim babatdaky ýörelgeleriň döwlet derejesinde ösdürilmegi guwandyryjydyr. Bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmäge we dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpyň okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi, mekdep okuwçylarynyň okuw kitaplary bilen mugt üpjün edilmegi, çagalar baglarynda we orta mekdeplerde iňlis, rus, türkmen dilleriniň öwredilmegi bu ulgamyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Çagalar bagynda surat sapaklarynyň guralyşy

Çagalar baglarynda körpeler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Sungat mekdebe çenli ýaşly çagalarda döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Şol sebäpli çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty sapaklaryny talabalaýyk guramak terbiýeçileriň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda körpelere şekillendiriş sungaty öwredilende surat çekmek, şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek ýaly sapaklaryň geçişine aýratyn üns berilýär. Bu sapaklar özara baglylygy sebäpli, milli maksatnama boýunça olar üçin umumy temalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, orta toparda “Ýaşyl baýdak” temasy ilki ýelimlemek sapagynda geçilýär, soňra baýdagyň şekili (ululygy, bölekleriniň gatnaşygy) baradaky düşünjeler surat sapagynda ulanylýar.

Edebi mirasymyzda adalgalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty we pähim-paýhasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan belent ösüşler eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle ýokary ösüşleri gazanmakda milli ykdysadyýetimizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik özgertmeleriň we täzelenişiň ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy, medeniýeti, ykdysadyýeti, oba hojalygyny ösdürmekde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Halkyň durmuşynda, ylmynda, medeniýetinde we beýleki ugurlarda bolup geçýän özgerişlikler onuň ene diliniň sözlük düzüminiň, şol sanda ylmy adalgalaryň ösmegine hem kadalaşmagyna belli bir derejede täsirini ýetirýär.

Dil öwrenmek — döwrebap ugur

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, sanly bilim ulgamyny has-da täze derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem bu ugurda dil öwretmek, dünýä dillerini bilýän ýaşlary ýetişdirmek ýaly asylly işler hem ýola goýuldy. Bu babatda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzir jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet esaslary döwrebaplaşdyryldy. “Biz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara ähmiýet bermek bilen, adamzat mirasynyň dürdäneleriniň ynsanperwer pikirli islendik halk üçinem derwaýysdygyny nazara alýarys. Dünýä halklary, ýurtlary we iri halkara guramalary bilen döwletimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň düýp manysy asuda durmuşyň kemala gelmegini gazanmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti barada belleýär. Ýurdumyzyň halkara ylym-bilim, medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary parahatçylygy has-da ösdürmek, durnukly ösüşi ýola goýmak ýaly ugurlarda işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny we durnuklylygyny berkitmäge, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin edýän tagallalary oňat netijelere getirýär. Bu bolsa

Kompýuter — ygtybarly enjam

Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär. Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar. Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.

Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu bilik» eserinde nesil terbiýesi

Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri hem XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” atly eseridir. Ol gadymy ýazuw ýadygärliklerimizde iň gymmatly eser hasaplanylýar. Şahyr eserini Balasagunda ýazmaga başlapdyr we Kaşgarda tamamlapdyr. 1069 — 1070-nji ýyllarda eserini tamamlan şahyr, bu eserini Garahanly türkmen döwletiniň hökümdary Süleýman Arslan Hakanyň ogly Tawgaç Ulug Bugra Hana sowgat edipdir. Garahanly hökümdary bu eseriň gymmatyny göz öňünde tutup, şahyra köşkdäki wezipeleriň iň naýbaşysy hasaplanylýan “Has Hajyplyk” derejesini beripdir. Sebäbi Garahanly türkmen döwletinde köşkde hökümdardan soňra iň möhüm ikinji wezipe “Has Hajyplyk” bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşynda bolsa “Has Hajyplyk” derejesi hökümdar we wezir derejelerinden soňra üçünji möhüm wezipe bolupdyr. Garahanly türkmen döwletinde “Has Hajyp” hökümdar bilen halkyň aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Halk “Has Hajybyň” üsti bilen arzuw-isleglerini döwleti dolandyryjylara ýetiripdir. “Kutadgu bilik” eseri syýasatnama görnüşinde ýazylandygyna garamazdan, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly maglumatlary hem özünde jemländigini göz öňünde tutup, nesihatnama ýa-da pentnama görnüşinde hem beýan edilýär. Ýusup Balasagunlynyň eseriniň esasy maksady ynsanlary bagtly bolmaga eltýän ýoly tapmakdyr. “Kutadgu bilik” eserinde nesil terbiýesi babatynda hem gymmatly maglumatlar öz ornuny tapypdyr.

Almanyň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek saglygymyzyň girewidir. Şunda sagdyn iýmitlenmek hem örän möhümdir. Sagdyn iýmitlenmek kadaly iýmitlenmekdir. Oňa peýdaly miweleri iýmek hem degişlidir. Ynsan saglygyna peýdaly miweleriň biri hem almadyr. Alma ynsan ýaşaýşynda uly orun tutýar. Ol saglyga peýdaly, keselleriň öňüni almaga ýardamly, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Almanyň eti sowuklama, bakteriýalara, skleroza garşy, iç sürüji, peşew ýörediji, gakylyk gopduryjy, derlediji, ýara bitiriji, öt çykaryjy, ýatkeşligi gowulandyryjy täsirlere eýedir. Ol gan öýjükleriniň döreýiş, ösüş, kemala geliş hadysalaryny tijendirýär. Almanyň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, pektinler bolsa içegeden zäherli maddalary, bakteriýalary, holesterini çykarýar. Bu miwe uzak wagtlap saklananda-da, düzümindäki maddalaryň täsiri ýitmeýär, pektin bolsa almanyň gabygynda-da köp saklanýar. Şonuň üçin onuň gabygyny artman iýmek peýdalydyr.

Milli gymmatlyklarymyz

Halkymyzyň baý taryhy we medeni ýadygärlikleri bar. Olarda halkymyzyň geçmiş taryhy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz şol mirasymyzy häzirki günde ylmy esasda öwrenýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary ýakyn gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlarynyň taryhy, ol baradaky edebi-çeper gymmatlyklar we ylmy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň tapyndylary baradaky gürrüňlerini: «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölüminde beýan edýär. Bu bölümde berlen ýazgylar Gahryman Arkadagymyzyň ýygnan ylmy maglumatlarynyň çuňňur beýany diýip bellemek gerek. Bu taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, itleriň ýaşaýyş durmuşynyň yzlary Türkmenistanyň iň gadymy obalarynda duşýar. Olar barada kitapda şeýle beýan edilýär: «Gadymy Jeýtun obasynda (Ahal welaýaty), miladydan öňki VI asyrda jaýlanan itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär».