"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdynlyk we ruhubelentlik — bagtyýarlygyň şuglasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynda ilatymyzyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça uly wezipeleri durmuşa geçirmek bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe Milli maksatnamalar we strategiýalar kabul edildi. Ýokanç däl keselleriň we olaryň döremegine getirýän howp toparlarynyň garşysyna göreşmek XXI asyrda iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Az hereketlilik, ýaga we uglewodlara baý bolan iýmit önümleriniň görnüşiniň köpelmegi we olary köp mukdarda iýmitde ulanmak ýokanç däl keselleriň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar. Dünýä statistikasynda ýokanç däl keselleriň sagdyn durmuşyň ilerlemegine ýaramaz täsir edýändigi barada takyk maglumatlar bar. Ýürek-damar, howply täze döremeler, dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri we süýjüli diabet keselleri ýokanç däl keselleriň esasyny düzýär.

Ösüşler üstünliklere ruhlandyrýar

Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ösýär. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar. Asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täze nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň giň gerimlidigini bellemek has hem ýakymlydyr.

Kitap paýhasyňy durlaýar

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleri bilim işgärleri üçin hem bahasyna ýetip bolmajak ýakyn gollanmadyr. Ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ynsanperwerlik ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan kitaplary ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagynda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň eserleri kalbyňy durlaýar, täze oýlanmalara, ahlak päklige, ruhy kämillige galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitabyndaky: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň, bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýen jümleleri kitabyň gymmatynyň egsilmezdigini görkezýär.

Sapaklary döwür bilen baglanyşdyrmak

Eşretli zamanamyzda ýaşlara bilim bermek bagtynyň bilim işgärlerine, ýagny mugallymlaryň paýyna düşýändigi üçin biz bagtly ynsanlardyrys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur aladalary bilen Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş neslimiziň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolmagy baradaky oňyn işler durmuşymyzda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe biz mugallymlaryň sapaklarymyzy döwür bilen baglanyşdyryp guramagymyz ösüp gelýän ýaş neslimiziň gursagyna synmaz watançylyk söýgini guýdugymyzdyr. Hut şonuň üçin-de türkmen dili we edebiýat mugallymy hökmünde her bir sapagy temasyna görä, döwür bilen baglanyşdyryp guraýaryn.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Eneleriň kesbi çeper ellerde, eneleriň waspy şirin dillerde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bu çärä talyp gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eseri görelde nusgasy boldy. Mugallymlar kitapda ene hakynda aýdylan öwüt-ündewler, olaryň waspy barada bu ýere ýygnanan talyplara gürrüň berdiler, manysyny düşündirdiler. Enelere degişli rowaýatdyr tymsallary mysal getirdiler. Gelin-gyzlar üçin el-işleriniň we öý işleriniň möhümdigi, arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Innowasion tehnologiýalaryň hyzmaty

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň aýawly saklanmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän howpsuz innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdyrylýar. Munuň özi daşky gurşawy gorap saklamaga, tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Bu ugurdaky wezipeleriň maksady bolsa düýpli ylymlary ösdürmekden, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmakdan, aň-bilim işgärleriniň, alymlaryň täze neslini kemala getirmekden, ylma ukyply ýaşlary çekmekden we olara bu ugurda goldaw bermekden ybaratdyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Şunda innowasion we akylly tehnologiýalaryň, ýagny awtomatlaşdyrmagyň, umumy ulgama birikdirilmedik artýan maglumatlar goruny saklamagyň uly ähmiýeti bardyr. Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen energiýanyň, gün panelleriniň hem-de ýel turbinalarynyň öndürilmegine şert döreýär. Bu tehnologiýalar öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmekde, sarp edilýän çykdajylary azaltmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energoulgama goşmakda ähmiýetlidir.

Işeňňirleriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Mekdebe çenli bilimiň maksadyny, mazmunyny, gurluşyny we bilim-terbiýeçilik işini guramagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde, mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmekde terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Bu ugurda Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasyndaky 20-nji çagalar bagynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. Bu çagalar bagynda terbiýeçiler özara tejribe alşyp, agzybirlikde zähmet çekýärler.

Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi — dilimiziň ajaýyp gymmatlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň «Diwany lugat at-türk» (Türki dilleriň diwany) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär.

Şygryýet bossany

Köňül joşguny Diýaryma seýran eýläp,Dünýä nusga döwlet gördüm.Güler ýüzde şatlyk, mähir,Bir-birege hormat gördüm.

Şygryýet bossany

Eziz Watan Erkana gülleýän Türkmenistanym,Ösüşlerňe älem guwanýar, bakýar.Oba, şäheriňde eziz mekanym,Beýik bagtyň ajap derýasy akýar.

Asylly terbiýe — milli ýörelge

Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr. Çaganyň dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda ýörite çeper hekaýalaryň, matallaryň, rowaýatlaryň, terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň orny örän uludyr.

Kadaly iýmitlenmek saglyga peýdaly

Çagalaryň sagdyn iýmitlenmegini gözegçilikde saklamak we onuň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin elmydama ertirlik naharyny edinmegi gazanmaly. Sagdyn iýmitiň saglyga oňyn täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir. Iýmitiň gowy özleşmegi üçin her gezek howlugman, tagamy çeýnäp iýmelidigini unutmaň we çagalaryňyza öwredip, ýatladyp duruň. Günüň dowamynda 5 wagtyna az-azdan peýdaly iýmitleri, gök önümleri iýmegi endik etmeli. Bedene zeper ýetirýän aşa duzly, ýagly, süýjüli iýmitlerden daşda durmaly. Çagalara gök önümleri we miweleri köpräk bermeli. Olar öz düzüminde kesele garşy durmaga ýardam edýän, immuniteti berkidýän witaminleriň köp mukdaryny saklaýar.

Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň täze ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklerine ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Hormatly Prezidentimiz hünär ussatlygyňy kämilleşdirmek üçin diňe ýadawsyz zähmet çekmegi, öz bilimiňi yzygider artdyrmagy, hünär derejäňi we ussatlygyňy kämilleşdirmegi, täze usullary özleşdirmegi maslahat berýär. Ýurdumyzda täze döwrebap usullar bilim ulgamyna ornaşdyryldy. Bilim ojaklarynda bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bu ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizildi. Orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, orta mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de döwrebap tehnologiýalar, ekologiýa, özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. Okuwçylaryň öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüt hem kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes we ýapon dillerini öwredýän mekdepleriň sany

Parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklarynda taryhy waka boldy. Dost-doganlyk nyşany hökmünde halkara taslamalaryň, ýagny Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şu ýylymyzyň turuwbaşdan öz adyna mynasyp şatlykly wakalar bilen başlanandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda öndürilen önümlerden ybarat ynsanperwer ýükler ýüklenen ilkinji otlynyň Akina demir ýol bekedinden Andhoý demir ýol bekedine tarap ugur almagy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň Aziýa sebitindäki geosyýasy ornunyň has hem berkeýändiginiň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

Watany goramak mukaddes borçdur

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Ajaýyp döwürde mukaddes borjy harby kasama laýyklykda ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine goşant goşmak uly bagtdyr, belent mertebedir. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ýurt goragynyň mukaddesdigi, oňa gulluk etmegiň belent mertebedigi, harby kasama ygrarlylygyň, wepalylygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetlerdigi nygtalýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Watan goragçylaryna Watana wepalylygyň ajaýyp göreldesini görkezýär.

Ýaşlar syýasaty: döwrebap özgertmeler, aýdyň netijeler

Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär. Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm ugry

Ählumumy ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin döwrebap işler toplumlaýyn ýola goýuldy. Eziz Diýarymyzy döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak arkaly belent sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe edip goýdy. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalara daýanyp ösýän dünýä hojalygynda sanly özgertmelere bagly bolmadyk pudaklar azalýar. Döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň giňişleýin peýdalanylýan döwründe sanly ykdysadyýet hem-de maglumat jemgyýeti birleşip, täze durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Ol ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksady hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” esaslanýar. Munuň özi ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdan, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan goldamakdan, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramakdan ybaratdyr. Toplumlaýyn alnyp

Özüňi alyp barmagyň medeniýeti

Orta mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna girizilen özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersi hem okuwçylaryň terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ynsanperwer şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmakdan, şeýle-de olaryň ata-enesine, mugallymlara, ýaşuly nesle hormat goýmaklaryny öwretmekden ybaratdyr. Sapaklar dürli usullarda guralmalydyr. Bu ders boýunça okuwçylar bilen dürli görnüşli oýunlary guraýaryn. Şolardan täsirli geçen temalarymyň we oýunlarymyň üstünde durup geçmekçi. “Kime medeniýetli adam diýip bolar?” diýen sorag-jogap guradym. Onda okuwçylara 10 minutyň dowamynda öz pikirini ýazmaça beýan etmegi, pikirlerini durmuşy mysallar bilen delillendirmegi tabşyrdym. Okuwçylar sapaga işjeň gatnaşyp, ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirdiler.

Tebigy bilimleri öwrenmekde fizikanyň orny

Fizika ylmy tebigatyň esasy we düýpli kanunalaýyklyklaryny öwrenýär, onuň kanunlary beýleki tebigy ylymlaryň esasyny düzýär. Orta mekdepde fizikany okatmagyň esasy maksatlary çagalarda öwredilýän hadysalaryň esasynda gyzyklanmany we başarnyklary ösdürmekden ybaratdyr. Olarda öwrenijilik we döredijilik işjeňligini emele getirmek, öwrenilýän esasy ylmy düşünjeleriň manysyna göz ýetirmek we olaryň arasyndaky özara baglanyşygyny özleşdirmek, dünýäniň fiziki gurluşy baradaky düşünjeleri emele getirmek zerur şertleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin okuwçylary tebigy hadysalara göz ýetirmegiň we barlaglary geçirmegiň ylmy usullary bilen tanyşdyrmaly, olara mehaniki, ýylylyk, elektromagnit, kwant hadysalary we olary häsiýetlendirýän fiziki ululyklar bilen tanyşdyrmaly. Bular bolsa öz gezeginde olara daş-töwerekde bolup geçýän hadysalary synlamak we tejribeleri geçirmek endikleriniň emele getirmekligine, ölçeg gurallaryny ulanmak arkaly laboratoriýa barlaglaryny geçirmek başarnyklaryny ele almaklaryna ýardam berer. Fizikany öwrenmegiň zerurlygyny aşakdaky sebäpler bilen esaslandyryp bolar: