"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim we terbiýe — kämilligiň binýady

Ýaşaýyş-durmuş diýen jümläniň özeninde Watan diýen uly düşünje bar. Ynsan balasy üçin ata Watanyndan, mähriban halkyndan, mukaddes topragyndan eziz zat ýok. Bu babatda biziň pederlerimiz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyklar kimin ajaýyp däp-dessurlary miras goýupdyrlar. Muňa biz halkymyzyň taryhyna göz aýlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir özgertme ýa-da tutumly işler halkyň erk-isleginden, jemgyýetiň azat-erkin, sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplardan ugur alýar. Ýaşlara berilýän terbiýäniň hem özeni halkymyzyň şol häsiýetlerinden gözbaş alýar. Milliligimize, däp-dessurymyza sarpa goýýan, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz: «Ylymly-bilimli, watansöýüji kämil ýaşlary kemala getirmek biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň özenidir» diýip bellemek bilen, ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtaýar. Milli Liderimiz ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleriň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez buýs

Kitaphana — hazynalar ummany

Türkmen halkynyň juda baý taryhy ýoly bar. Halkymyz uzak geçmişden bäri ähli ugurlarda, hususan-da, ylymda-bilimde, sungatda, medeniýetde özüni tanadyp, dünýä sungatyna we medeniýetine uly goşant goşupdyr. Geçmişde türkmen topragynda döredilen döwletlerde ykdysadyýete, sungata we medeniýete uly üns berlendigini alymlar tassyklaýarlar. Ylym-bilim ummanynyň egsilmez çeşmesi hökmünde bu döwletlerde kitaplar we kitaphanalar meselesine uly üns berlipdir. Birnäçe bilim ojaklarynyň we kitaphanalaryň giňden ýaýran ýeri hem Köneürgençdir. Köneürgençde türkmenleriň meşhur hökümdarlarynyň biri Atsyz kitaphana döredipdir, ondan alymlar peýdalanypdyrlar. Atsyz kitaphanany 1142-nji ýylda döredipdir diýip çaklanýar we ol bir asyra golaý wagt alymlara we köpçülige hyzmat edipdir. Köneürgenji beýik derejä ýetiren Tekeş XII asyryň 80-nji ýyllarynda uly medrese we onuň ýany bilen kitaphana esaslandyrypdyr, olar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat edipdir. Köneürgençde we onuň çäklerinde Muhammet şa tarapyndan hem birnäçe medreseler we kitaphanalar gurlupdyr. Mundan başga-da, gadymy Köneürgençde Reşit Etdin Watwatyň, Şeýh Nejmeddin Al-Kubranyň, Ymam Şyhabeddin Al-Hywakynyň kitaphanalary bolupdyr. Bu kitaphanalar köp alymlaryň kemala gelmeginde uly orun tutupdyr we köpçülige hyzmat edipdir.

Kitaby nädip çalt okamaly?

Gysga ýazgylary okaýandygyňyz siziň örän haýal okaýandygyňyzdan habar berýär. Çalt okamaga bolan islegimiz, ilkinji nobatda, diňe öz-özümizi yzygiderli türgenleşdirmegimiz bilen hasyl bolýar. Onuň ilkinji düzgüni bolsa, gözlerimizi dogry ulanyp bilmegimizdir. Gözlerimiz edil surata düşürýän enjam ýaly, diňe belli bir aralygy dury görüp, galan bölekleri dumanly görýär. Şol dury görünýän ýer bolsa okamagymyza kömek edýär. Okamak üçin nazarymyzyň dury görünýän ýeri 4 santimetr bolup, ony yzygiderli okamak bilen giňeldip bileris. Görüş nokadymyzyň giňemegi çalt okamagymyza ýardam etjek ilkinji sebäpleriň biridir. Okaýan mahalymyz gözlerimiz çepden saga belli bir yzygiderlilikde şol bir çyzykda hereket edýär. Bu hereket beýnimiziň sözleri sözlemlere öwrüp, ondan many çykarmagymyza kömek edýär. Çalt okamak üçin peýdaly maslahatlar:

Tebigata sarpa goýmagy öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa – suw syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny gözelleşdirmek, ösümlik dünýäsini gorap saklamak we suwy tygşytly ulanmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy daşky gurşawyň baýlyklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini goramak ýaly ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň oturymly ýerlerinde çeşme-çaýlar, derýalar, bulaklar, howdanlar bolan. Bu bolsa ekerançylygy ösdürmäge, daýhançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem türkmen topragy irki döwürlerden ekerançylygyň kemala gelen ýerleri diýlip tanalýar. Munuň özi pähimdar pederlerimiziň tebigata aýawly çemeleşendiginden, suwy tygşytly ulanyp, ekerançylyk medeniýetini döredendiginden habar berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda, onuň baýlyklaryny goramakda oňat däpleriniň bardygyny aňladýar.

Elbukja

Halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip döreden maddy gymmatlyklary biziň buýsanjymyzdyr. Şolaryň biri hem elbukjadyr. Olar zenanlarymyzyň milli hünäri hökmünde bellidir. Durmuşda tertipli we ykjam bolan ene-mamalarymyz biçip-tikmekde, keşde çekmekde döredijilikli işläp, her bir zady sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň hünärli gollaryndan çykan her bir işleri göreniňde gözüň dokunýar. Sünnälenip edilýän bukjalaryň dürli görnüşleri bar. Haly, keçe we parça (mata) bukjalar, örme we palas bukjalar dürli ululykda taýýarlanypdyr. Şol bukjalara egin-eşikler, matadyr beýleki lybaslar salynsa, kiçi bukjalara aýna-darak salnypdyr.

Çagalaryň saglygyny goramak

Ynsan saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda terbiýelemek baş maksadymyzdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, arassaçylygyň kadalaryny berjaý edýän ýaşlar möwsümleýin kesellerden goranyp bilýärler. Möwsümleýin kesellere ýiti respirator keseli degişlidir. Bu kesel dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna zeper ýetmegi, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, şeýle-de ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli güýz-gyş aýlarynda has köp ýaýraýar. Esasan hem çagalar bu kesele aňsat ýolugýarlar, sebäbi olaryň keselden goraýjylyk ulgamy ýeterlik bekemedikdir. Çagalar keseli agyr geçirýärler we gaýra üzülmelere sezewar bolýarlar. Kesel çagalara köpçülikleýin ýerlerde näsag adam asgyranda, üsgürende, şeýle-de oýnawaçlarynyň, gap-gaçlaryň, gapynyň tutawajynyň, ulanýan okuw esbaplarynyň üsti bilen geçip bilýär. Çagalarda ýüzüni, agzyny, burnuny ellemek endigi bolýar, netijede kesel çalt ýokuşýar.

Halk bähbitli beýik işler

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hasabatyny diňläp, şol hasabatlaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Türkmeniň nurana ýoly parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş ýoludyr

Bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmek üçin ilkinji nobatda, parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş zerur. Täze taryhy eýýamda zähmet we bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hut şu zerurlyklary üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu belent maksada döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýetilýär. Şonuň netijesinde eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň sene ýazgysyna şanly wakalar ýazylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen Garaşsyz Türkmenistan gülläp ösüşiň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, parahatçylygyň merkezine, halklaryň dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýlekin ösüş, belent sepgitlere ýetilmegi halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, döredijilikli zähmet, dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly üpjün edildi.

Üstünlikler — ösüşlere badalga

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bagtyýar ýaşaýan halkymyz ýagşy umytlar, arzuwlar bilen 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan Türkmenistan ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barýar. Ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler ýurduň kuwwatlanmagyna we halkara abraýynyň has-da artmagyna alyp barýar. Ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmak, talyp ýaşlaryny ylymly-bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky amala aşyrýan özgertmeleri biziň ählimizi — mugallymlary, talyplary örän buýsandyrýar. Bilimde bolup geçýän özgertmeler bolsa, barmak büküp sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, bagtyýarlyk döwrümizde okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmaga, sapaklarda sanly tehnologiýalardan we dünýä tejribesinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Interaktiw usul mugallymy we okuwçyny, talyby täze tehnologiýa esasynda taýýarlanylan ders maglumatlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirýär. Şeýle hem okatmagyň bu usuly mugallymlary we talypl

Aýdyň maksatlary nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen her bir günümiz ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylynyň ilkinji günleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol taryhy wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediniň açylyş dabaralaryny ýatlamak bolar. Bularyň ählisi giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatyny dabaralandyrýan netijelerdir.

Parahatçylyk we ynanyşmak arkaly dostana gatnaşyklar

Islendik döwletde durmuşa geçirilýän özgerişleriň netijeliligi, ilkinji nobatda, onuň saýlap alan ösüş ýolunyň aýdyňlygy we täsirliligi bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenleriň beýleki halklar bilen gatnaşyk edenlerinde mydama özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alandyklaryna taryh şaýatlyk edýär» diýip, bu ýoly biziň häzir hem dowam edýänligimizi we hemişe oňa wepaly boljakdygymyzy belleýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz şu şygaryň uly many-mazmuny özünde jemleýändigini, bu sözleriň watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam berjekdigini aýratyn nygtap geçýär.

Çagalara ekologiýa terbiýesini bermegiň usulyýeti

Çagalarda ýaşlykdan tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen, çagalar baglarynda «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy geçilýär. Bu sapagyň okuw maksatnamasynda körpe nesli daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, daşky gurşawy goramagy öwretmek örän wajyp wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Daşky gurşawy goramagy öwretmek ekologik terbiýäni bermegiň özenidir. Terbiýäniň bu görnüşi terbiýeçilik işiniň beýleki ugurlary bilen baglanyşyp gidýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalara ekologiýa terbiýesini bermek, olary daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak çagalar baglarynyň işiniň esasy düzüm bölegidir. Ekologiýa taýdan sowatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin maşgala bilen çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň bilelikde alyp barýan işi oňyn netije berýär. Çaganyň terbiýesinde maşgalada ata-eneleriň, uly ýaşly doganlarynyň orny hem uludyr. Çagalar bagynyň terbiýeçisi ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerde irki ýaşdan başlap, ekologiýa düşünjäni kemala getirmelidirler. Terbiýeleýän çagalarynyň her biriniň maşgalasynyň aýratynlygyny we mümkinçiliklerini öwrenip, çagalaryň ata-enelerine ýakyn kömekçiler bolup ýetişmeklerine ýardam etmelidirler.

Körpeler üns-alada bilen gurşalýar

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, olaryň geljekde bilimli, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermere beslenen mekdepler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, olaryň ýokary derejeli mugallymlar bilen üpjün edilmegi bu günki ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň şaýadydyr. Çagalary terbiýelemekde milli oýunlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Olardan aşyk atmak, çeke-çeke, göreş, aýlaw gurap küşt depmek hem-de tans etmek, ýüpden bökmek ýaly oýunlar bagtyýar zamanamyzyň körpeleriniň Watana, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrýar, şonuň bilen birlikde, çagalaryň beden saglygyny berkitmekde, olaryň dilleriniň “ýenjilmeginde” ähmiýeti uludyr.

Fransuz dilini öwrenmek üçin okuw kitaby

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna fransuz dilini öwretmäge niýetlenen okuw kitaby 2019-njy ýylda neşir edilipdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa umumy orta bilim berýän mekdepleriň 8-nji synpy üçin fransuz dilini öwretmekde täze okuw kitaby mugallymlaryň eline gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. J.Patyşaýewanyň, M.Ýazlyýewanyň, H.Baýryýewiň awtordaşlygyndaky bu okuw kitabynyň mekdep okuwçylaryna fransuz dilini öwretmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinde bu kitap giňden peýdalanylar. Täze kitapda okuwçylara fransuz dilindäki orun aňladýan predloglary öwretmäge degişli köp temalar berlen. Predloglar, göräýmäge, okatmak üçin kyn maglumatlar bolmasa-da, olary öwrenmek aňsat düşmeýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, fransuz dili bilen türkmen diliniň, ýagny çagalaryň ene diliniň, gurluş taýdan dürli ulgamly dillere degişlidigindedir. Başgaça aýdanymyzda, türkmen dilinde predloglar ýokdur we fransuz dilindäki predloglaryň hyzmaty türkmen dilinde ýörite sözler bilen birlikde, düşüm goşulmalarynyň üsti bilen aňladylýar.

Kämillik yhlasa bagly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meselesi esasy wezipeleriň hatarynda goýuldy. Şol wezipelerden ugur alyp, mekdep mugallymlary yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Olar okatmagyň innowasion usullaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdep welaýatyň çäginde öňdebaryjy mekdepleriň hatarynda tanalýar. Bu ýerde mugallymlaryň çekýän zähmeti, ulanýan öňdebaryjy iş usullary özüniň oňyn netijesini berýär. Ders we taslama bäsleşiklerinde bu mekdebiň okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri bolsa, mugallymlaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär.

Gymmatly miras

Biz islendik bir işiň başyna baranymyzda, etjek bolýan işimiziň zerur bolşy ýaly, ony ýerine ýetirmegiň ugur-ýoluny bilmegimiz hem möhümdir. Eger gerekli enjamlarymyzyň, senetlerimiziň ählisi bilen üpjün bolanymyzda-da, ýerine ýetirjek bolýan işimiz babatda ýeterlik derejede sowadymyz bolmasa, onda ony tamamlamak juda kyn düşer, üstesine-de, ol isleýşimiz ýaly aňrybaş bolmaz. Elbetde, yhlas, höwes we özüňe ynamlylyk bilen birnäçe gezek synag geçmek arkaly islendik işde oňat netije gazanyp bileris. Emma şol ugurda ýeterlik sowat gorumyz bar bolsa, onda işi göwnejaý we ýeňillik bilen berjaý ederis, şonuň bilen birlikde wagty hem tygşytlarys. Sowatly, ylymly, bilimli bolmagyň iň esasy we ýeňil ýoly bolsa, kitaby dost tutunmakdyr. Haýsy-da bolsa bir zady köp gaýtalasak, wagt geçdigiçe ol endige öwrülýär. Özümize esasy endik edinmeli zatlarymyzyň biri-de kitap okamakdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, kitap okamak ýatkeşligi ösdürýär, dünýägaraýşy giňeldýär, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar, pikiri durlaýar, özüňde bar bolan döredijiligiňi açyp görkezmek üçin uly ähmiýeti bar. Şeýle-de kitaphonluk halklaryň biri-biriniň medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary ýaly durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Kitap okaýan adamyň dil baýlygy artýar.

Edep-ekram ýörelgesi

Gadym wagtlardan bäri halkymyz öz ýaşulularyny edep-ekramyň, görüm-göreldäniň, düzgün-tertibiň mekdebi hasaplaýar. Edepli, medeniýetli, sowatly adamlara uly sylag-hormat goýulýar. Özüň barada ýakymly sözleri eşitmek üçin, ilkinji nobatda, edepli bolmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, saýhally, dogry sözlemek, halal ýaşamak ýaly köpçülikde halanýan häsiýetlere werziş bolmaly. Adamlar kimiň-kimdigini örän tiz seljerýärler we seniň özüňi alyp barşyňa seredip, saňa baha berýärler.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelent ýaşlaryna durnukly bilim hem-de sagdyn terbiýe bermekde, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesli kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyz uly işleri durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, körpe çagalarymyzy milli ruhda terbiýeleýäris. Mähriban çagalaryň açyk howada we ýapyk binalarda oýnaýan milli oýunlarynyň aglabasy hereket bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi diňe bir şadyýan wagt geçirmek bolman, eýsem körpe çagalarymyzyň ukyp-başarnyklaryny, beden hereketlerini ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Naryň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Kadaly iýmitlenmek hem esasy ugurlaryň biridir. Sagdyn iýmitlenmekde miweler hem zerur önümlerdir. Şu nukdaýnazardan, nar hem saglyga peýdalydyr. Naryň üýtgeşik tagamlylygy, şireliligi onda dermanlyk häsiýetli dürli maddalaryň toplanmagyny şertlendirýär. Adaty nar dag ösümligi hasaplanýar. Onuň miwesinde uglewodlar, şeker, limon we alma turşulyklary, A, С, E, B1, B2, witaminler, demir, ýod saklanýar. Naryň şiresi şekeriň, glýukozanyň, С witamininiň, kalsiniň, kaliniň, natriniň, fosfatlaryň, marganesiň, magniniň çeşmesi bolup durýar.