Türkmeniň nurana ýoly parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş ýoludyr

24 Ýanwar 2021
1581

Bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmek üçin ilkinji nobatda, parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş zerur. Täze taryhy eýýamda zähmet we bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hut şu zerurlyklary üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu belent maksada döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýetilýär. Şonuň netijesinde eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň sene ýazgysyna şanly wakalar ýazylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen Garaşsyz Türkmenistan gülläp ösüşiň mekanyna, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna, parahatçylygyň merkezine, halklaryň dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýlekin ösüş, belent sepgitlere ýetilmegi halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, döredijilikli zähmet, dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly üpjün edildi.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar