"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz munuň bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabatlaryny diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Kämilligiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Onuň şeýledigini ýaşlarymyzyň durmuşy, okuwy, işi we dynç alşy bilen bagly esasy wezipeleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy hem aýdyň görkezýär. Milli Liderimiz ýaşlaryň çuňňur bilim almagyna, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärele

Eziz Watanymyzyň parahatçylyk ýoly

Parahatçylyk atly beýik ýörelgäniň özenini düzýän adalatlylyk, agzybirlik, düşünişmek, hormat-sarpa türkmen halkynyň ata-baba zandynda bar häsiýetlerdir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaýýan parahatçylyk taglymatynyň esasynda birek-birege uzan dostlukly gollarda geljekki ösüşlere bolan beýik ynam, egsilmez ruhy güýç bar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly adamzadyň ömrüniň manysyna öwrülen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede abadançylygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygyny hemişe nygtaýar. Baky Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen giň gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýär. Şolaryň hatarynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, sebit we dünýä boýunça energetika howpsuzlygynyň täsirli gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologiýa taslamalaryny ilerletmek wezipeleri bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir ý

Beýik işlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla guwandyryjy üstünliklere, ösüşlere beslenýän Watanymyzda uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanýan her bir täze ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýylyň döwrüň ruhuna kybap äheňde atlandyrylmagy şol ýylda amala aşyryljak işlere, gazanyljak ösüşlere, ýetiljek sepgitlere badalgadyr. Şu nukdaýnazardan, geçen 2020-nji ýyl halkara ähmiýetli möhüm wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli, ýylyň dowamynda Watanymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde ykdysady, durmuş-medeni maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi.

Köňüllerde buýsanç bar

2021-nji — «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinden hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” tassyklady. Şeýle-de, “Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek, umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar.

Pähim-paýhasa ýugrulan kitap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitapda nakyllaryň, rowaýatlaryň beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde ynsanyň mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi, ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Çünki ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ylym-bilim gerekdir. Bu hakda hormatly Prezidentimizi

Çeper eserleri okatmak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde öz goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin milli terbiýä esaslanyp, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini ýakyn gollanma edinýärler. Şeýle asylly, mukaddes wezipeden ugur alyp, öz gündelik işlerimizi şu ýokary talaplara laýyk guramaga çalyşýarys. Şunda türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna-da jogapkärli borçlar degişli bolup durýar. Şolara abraý bilen amal etmekde alyp barýan işlerimiziň bir ülşi — bir esere dilden syn bermek sapagyna taýýarlanyşym, guraýşym we geçirişim barada söhbet etmek isleýärin.

Dil öwretmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Kompýuter sowatlylygy — esasy ugur

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.

Mekdep kitaphanasynyň işini guramak

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda kitaphanalara aýratyn ornuň degişlidigi sebäpli, olaryň işiniň guralyşy hem dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Ýaş zehiniň döredijilik dünýäsi

Çagalar, hormatly Prezidentimiz siziň gowy okap, bilim almagyňyz, şeýle hem okuwdan daşary ukyp-başarnyklaryňyzy artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy ýaly döredijilik bäsleşikleri ýylyň-ýylyna geçirilýär. Hemme welaýatlaryň etrap merkezlerinde, obalarda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri hereket edýär. Olara çagalar mekdepden daşary öz zehinlerini artdyrmak üçin, uly höwes bilen gatnaýarlar. Ýaşlykdan döredijilik, sungat dünýäsine aralaşyp, öz ýoluny tapýan zehinli ýaşlary göreniňde buýsanjyň artýar. Ine, paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Ataýew hem zehinli ýaşlaryň biri. Täze ýylyň başlanmagy Mekana üstünlik getirdi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan eden Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol ýürek joşgunyny şeýle beýan etdi: — Maşgalamyz aýdym-saz bilen meşgullanýar. Kiçiligimden kakamyň aýdýan aýdymlaryny diňläp, aýdym aýtmagy höwes edýärdim. 2-nji synpda aýdym aýtmaga başladym we mekdeplerde geçirilýän dabaralara yzygiderli gatnaşyp, aýdymlarym bilen ç

Altyn aşyk

Ajy burçuň peýdasy Ajy burçuň düzümiWitamine örän baý.Peýdasyny görersiň,Garamasaň biperwaý.

Öwünjeň towşanjyk (erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir öwünjeň towşanjyk bar eken. Ol kirpijik bilen goňşuçylykda ýaşap, dostlukly gatnaşyk edipdir. Towşanjyk hemişe kirpijigiň ýanynda çalasynlygy barada magtanar eken, ýöne kirpijik towşanjygyň sözlerini göwnüne almandyr. Günlerde bir gün bileje ýöräp gelýärkäler, towşanjyk kirpijigiň yüzüne garap:

Çagalar, tapmaçalardaky hasaplamalary ýerine ýetirip, dogry jogaplary tapyň!

Armyt ýygdy Aman aga, Bir sebetde 15 sany.Beýlekide 3 esse az, Näçe bolar olaň bary? (15:3=5 sany)(15+5=20 sany).

Parahatçylygyň, ynanyşmagyň dabaralanmasy

Öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Bu möhüm çäre, ýylyň adyndan belli bolşy ýaly, dostlugyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň waspyny etmegiň özboluşly beýany boldy. Dabaraly çäre Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň hem-de A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikde guran «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly aýdym-sazly kompozision sahnasy bilen açyldy. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu sahnada Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň çuňňur söýgüsi we egsilmez hormaty öz beýanyny tapdy.

Bagtyýarlygyň aýdyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Şonuň netijesinde halkara giňişliginde hem onuň abraý-mertebesi barha belende galýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmegi hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin bizde amatly şertler bar. Bu jemgyýetiň esasy gymmatlygy adamdyr we onuň baş maksady adamyň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady reformalar biziň “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämiziň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip parasatly belleýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagy ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadanlyk we parahatçylyk ýoly bilen barýan Diýarymyz asyrlara barabar üstünliklere beslenýär.

Žurnalyň täze sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, 2020-nji ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çдklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makalada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meseleleri öz beýanyny tapýar.

Şygryýet bossany

Buýsançnama Ähli halkyň arzuwy, Dünýäň parahatçylygy. Dostlaşdyrmak ýurtlary, Dostlaşdyrmak halklaryParahatlyk ýolunda.

Milli medeniýet – kämil terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şu günüň wajyp talaplarynyň birine öwrülen gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bilimli, päk ahlakly, watançy ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda geljegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek belent sepgitleriň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyny hemişe nygtaýar. Diýarymyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes ata Watany, ene topragy jany-teni bilen söýýän, giň gözýetimli, syýasy taýdan düşünjeli kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek beýik ösüşi üpjün etmek üçin saýlanylyp alnan takyk we dogry ýol bolup durýar. Milli medeniýet halklary bir-birinden tapawutlandyrýan ruhy gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň milli medeniýeti halkyň däp-dessurlaryndan, milli ýörelgelerinden gözbaş alyp, ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Medeniýetiň gelip çykyşy, ösüşi, many-mazmuny baradaky düşünjeler hemişe akyldarlaryň, alymlaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň ünsüni özüne çekip gelýär. Medeniýet ynsanyň ýüregindäki, aňyndaky ösüşlerden, özgerişlerden hem-de gözellikden gözbaş alýar. Şonuň üçin me