Sapaklary döwür bilen baglanyşdyrmak

28 Ýanwar 2021
1269

Eşretli zamanamyzda ýaşlara bilim bermek bagtynyň bilim işgärlerine, ýagny mugallymlaryň paýyna düşýändigi üçin biz bagtly ynsanlardyrys. Sebäbi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur aladalary bilen Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş neslimiziň dünýä derejesinde ylymly-bilimli bolmagy baradaky oňyn işler durmuşymyzda öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe biz mugallymlaryň sapaklarymyzy döwür bilen baglanyşdyryp guramagymyz ösüp gelýän ýaş neslimiziň gursagyna synmaz watançylyk söýgini guýdugymyzdyr. Hut şonuň üçin-de türkmen dili we edebiýat mugallymy hökmünde her bir sapagy temasyna görä, döwür bilen baglanyşdyryp guraýaryn.

Uzuk ORAZOWA,
Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň mugallymy.
Beýleki habarlar