Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Eneleriň kesbi çeper ellerde, eneleriň waspy şirin dillerde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň zenanlar guramasynyň guramagynda geçirilen bu çärä talyp gyzlar gatnaşdylar.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly eseri görelde nusgasy boldy. Mugallymlar kitapda ene hakynda aýdylan öwüt-ündewler, olaryň waspy barada bu ýere ýygnanan talyplara gürrüň berdiler, manysyny düşündirdiler. Enelere degişli rowaýatdyr tymsallary mysal getirdiler. Gelin-gyzlar üçin el-işleriniň we öý işleriniň möhümdigi, arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy.