Şirin zybanym — baýlygym

5 Ýanwar 2021
1851

Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzda ylym-bilime uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde millilige, ylym-bilimiň döwrebap ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge hem-de ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da guwandyryjydyr. Halkymyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan türkmen dilini hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürmäge hem-de onuň ygtybarly çeşmesi bolan sözlükleri peýdalanmaga we olary kämil, ýeterlik derejede çap etmäge döwlet derejesinde alnyp barylýan bimöçber işler her bir türkmenistanlynyň kalbynda öz ene diline buýsanjy has-da artdyrýar.

Dil halkymyzyň ruhy baýlygy bolmak bilen bir hatarda ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir, dostlugyň gözbaşydyr. Şonuň üçin türkmen diliniň söz baýlygyny ýaş nesillerimize öwretmek diňe bir mugallymlaryň borjy bolman, eýsem terbiýeçileriň, ata-eneleriň we ýaşuly nesliň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmen dilindäki sözler öz gözbaşyny örän irki döwürlerden, gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden alyp gaýdýar. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgulary şol ýazuw ýadygärlikleriniň bir bölegidir. Ýazuw ýadygärliklerimiz ene dilimizi çuňňur öwrenmäge hem-de özleşdirmäge uly mümkinçilik döredýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap bolup, halkymyza ýaýran, «Türkmen diliniň orfografik sözlügi», iki tomdan ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi», şeýle hem «Paýhas çeşmesi» kitaplary mekdep okuwçylarynyňdyr talyplaryň, umuman halk köpçüliginiň türkmen dilini çuňňur bilmeklerinde iň bir ygtybarly gollanmasydyr.

Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar