Parahatçylygyň aýdyň ýoly

3 Ýanwar 2021
2455

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişliklere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze — 2021-nji ýyl uly şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagynda şeýle bellenýär: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris».

2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly taryhy seneleriň, halkara derejesinde uly at-abraýyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, iri tutumly maksatlaryň, beýik sepgitleriň ýyly boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezdi. BMG-ä agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär.

Dürli ARSLANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.