Ähli ösüşleriň gözbaşy

26 Noýabr 2024
303

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, ylmy işgärleri, mugallymlary gatnaşdylar. Bu ylmy maslahatda türkmen-hytaý kärdeşleriniň birnäçesiniň çykyşlaryna hem uly orun berildi.

Ylmy maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy üns bilen diňlenildi. Gutlagda: «Häzirki wagtda ylmyň çalt depginler bilen ösmegi täze innowasion ugurlaryň ýüze çykmagyna, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ylym ulgamyny täze sepgitlere çykarmagy, ylym, innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş wezipeleri hökmünde kesgitläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Biz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän senagat öwrülişiginiň täze tapgyrynda halkara ähmiýetli maksatnamalary, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidýäris, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys» diýip bellenilýär.

Ýörite habarçymyz.