Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň geografik taýdan has amatly ýerde ýerleşmegi dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kabul edilýän Milli maksatnamalarda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bu gün durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesi aýdyň görkezýär.