Nusgawy edebiýatyň terbiýeçilik ähmiýeti

6 Awgust 2024
298

Mizemez şan-şöhrata eýe bolan mukaddes türkmen topragynda Hoja Ahmet Ýasawy, Mäne baba, Möwlana Jelaleddin Rumy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe beýik danalar, akyldar şahyrlar baý edebi miras galdyrypdyrlar. Olaryň edebi taglymaty, çuňňur pähim-paýhasy ynsan gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy hem edebiýatda pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldar şahyrdyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesindäki asylly ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli bolmagy üçin ähli şertler döredilýär .

Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegi onuň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär .

Ýazgül AŞYROWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar