Edebi mirasymyzda milli ýörelgeler

6 Awgust 2024
282

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň esasy ugry bolsa milli terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem nesilden-nesle geçip gelýän milli ýörelgeleri ösdürmek hem-de ýaşlara öwretmek baş maksadymyz bolup durýar. Bu terbiýe asyrlaryň dowamynda ýöredilip gelnipdir we onuň esasynda kämil ynsanlar, watansöýüji ýaşlar ýetişipdir. Şonuň üçin milli terbiýäni öwrenmek we nesil terbiýesinde peýdalanmak möhümdir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara nusgawy edebiýatymyzy, esasan hem, akyldar şahyryň goşgularyny öwretmek we wagyz etmek maksadalaýykdyr. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyzyň dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasy gollanma bolup durýar. Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagalla edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde giňden şöhlelenýär. Halkymyzyň milli terbiýeçilik ýörelgeleri nakyllarda hem beýanyny tapýar. Nakyllaryň akyldar şahyryň goşgularynda giňden beýan edilýändigini hem bellemelidir. Şonuň üçin şahyryň goşgulary terbiýe mekdebidir.

Güljahan TUWAKOWA,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar