"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bäsleşik täsirli geçdi

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy»,  aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Bäsleşige onuň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary, aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňijiler yglan edildi.

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasyndaky geçirilýän ýaryşlar, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary netijä eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi.  Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň belli ýazyjy, şahyrlary we žurnalistleri bilen guralan bu çärä Gökderedäki merkezlerde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çagalar halypalaryň çykyşlaryny, goşgularyny we maslahatlaryny üns bilen diňlediler. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar öz ýazan goşgularyny we halaýan şahyrlaryň goşgularyndan ýatdan okadylar. Çagalar dutar, tüýdük, skripka saz gurallarynda milli heňleri çaldylar. Watan, dost-doganlyk hakyndaky aýdymlar oňa gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Netijeli işler alnyp barylýar

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Agzybirligiň, jebisligiň aýdyň beýany

Eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär, milli demokratik ýörelgeler mynasyp ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli ýörelgesi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli ýörelgelerini döwrebap derejede ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyza guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek bagtdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli işleriň gözbaşy bolup durýar, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, ajaýyp şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny üpjün edýär. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Döwletliligiň kämil nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir başlangyç, agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edilip, oňa laýyklykda, bu umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Halkara derejeli sport ýaryşlary — täze üstünliklere badalga

22-nji iýulda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgerişleriň amala aşyrylmagy netijesinde ösüşleriň belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzy gurşap alan bu ajaýyp tutumlaryň milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylmagy işiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Kabul edilýän kanunlar, kanunçylyk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Olaryň ählisi döwlet ösüşiniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Döwlet býujetimiz ýurdumyzyň geljekki ykdysady we durmuş ösüşiniň depginlerini kesgitleýär. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň saklanylmagyna, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine umuman, türkmen halkynyň abadançylygynyň, her bir maşgalanyň durmuş de

Bilim ulgamynda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler

Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülerine laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda ylym, bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap ösdürilýär. Şular esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin dalaşgär ýaşlaryň resminamalary kabul edilýär. Şu ýylyň iýul aýynyň 12-sinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň Tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde etrap-şäherlerde ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Sazlaşykly işler durmuşa geçirilýär

Mekdep mugallymlarymyz täze okuw ýylyna irgözinden hem-de guramaçylykly taýýarlanmagy maksat edip, ýörite meýilnama taýýarladylar. Şu günler bolsa şol meýilnama boýunça ähli taýýarlyk işlerini doly we göwnejaý tamamladyk. Mekdebimiziň okuwçylarynyň tomusky dynç alyşlaryny göwnejaý guramak üçin hem alada edildi. Mugallymlar olaryň täze okuw ýylyna taýýarlykly gelmekleri barada ata-eneleriniň arasynda düşündiriş işlerini alyp bardylar. Mekdebimizde täze okuw ýylyna oňat taýýarlyk görüldi. Mekdebimiziň abatlaýyş-rejeleýiş işleri talabalaýyk alnyp baryldy. Bu ugurda mekdebiň içki we daşky keşbini täzelemek işlerine aýratyn üns berildi. Täze okuw ýylynyň dowamynda ulanyljak okuw-görkezme esbaplarynyň üpjünçiligi göz öňünde tutulyp, bar bolanlary täzeden gözden geçirilýär, täzeleri satyn alynýar.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Gözel tebigaty öwretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi munuň ýene bir subutnamasydyr. Konsepsiýa laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegini üpjün etmek, onuň ukyplaryny maksatlaýyn ösdürmek, başlangyç bilimde zerur bolan bilimleri we endikleri ele almaga ýardam berýän okuw işini guramak üçin netijeli işleri alyp barýarys. Çagada okamak, ýazmak, hasaplamak, döredijilikli pikirlenmek endiklerini kemala getirmek, şahsy arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini ele almagyny gazanmak, olara ruhy-ahlak terbiýesini bermek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem çagalaryň ruhy, ahlak taýdan ösüşini üpjün etmek we umumybilimiň başlangyç basgançagynda okamaga taýýarlamak biziň öňümizdäki baş wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri talabalaýyk alyp barmakda halk döredijiliginiň eserleri bize uly gollanma bolup durýar. Sapaklarda we sapaklardan daşary geçirilýän işlerde halk döredijiligi egsilmez hazynadyr. Halk döredijiligi eserlerinden her bir sapakda peýdalanmagyň mümkin

Awaza — ajaýyp mekan

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň sany artýar. Ol şypaly kenary, ynsan saglygyna melhem bolýan ajaýyp howasy bilen her birimiziň ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen özgerdilýän Awaza ildeşlerimiziň dynç alýan arzyly mekanydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde sapaly dynç almaga, saglygyňy berkitmäge ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir. Munuň özi her bir ildeşlerimizde ajaýyp döwrümize, beýik ösüşlerimize buýsanjy döredýär. Awaza gaýtalanmajak gözelligi, döwrebap mümkinçilikleri bilen her birimiziň köňlümizde orun alan mekandyr. Bu ajaýyp mekanda saglygyňy berkitmekde «Awaza» şypahanasy, dynç almak üçin birnäçe myhmanhanalar iň döwrebap görnüşleri, hyzmatlary bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň suwy hem, deňziň howasy hem ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Deňiz suwy bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem ýokarlandyrýar. Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap naharhanalar göz öňünde tutulandyr. Bir söz bilen aýdylanda, myhmanhanalar dynç almaga gelýänler üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär. Bularyň ählisi bolsa, adam hakyndaky edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlarda zähmete söýgini terbiýelemek

Ýaşlarda zähmetsöýerlik häsiýetini terbiýelemek, olaryň belli bir hünär edinmegini gazanmak şu günki günde möhüm bolup durýar. Bu aýdylanlary durmuşa geçirmek diňe bir ene-atalaryň, halypalaryň ýa-da mugallymlaryň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň öňündäki esasy ugurlaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen orta mekdeplerde hünäre ugrukdyryş sapaklaryň okadylmagy, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň açylmagy we sanynyň artmagy, edara-kärhanalarda, önümçilik pudaklarynda ýaşlar üçin iş orunlarynyň köpelmegi bu möhüm meseläniň ýurdumyzda oňyn çözülýändiginiň subutnamasydyr. Owal-ahyrda pederlerimiz çagalaryna kiçiliginden başlap zähmet terbiýesini bermegi esasy wezipeleriň biri hasaplapdyrlar. Biz munuň şeýledigine atalar sözlerinde, nakyllarda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatda aýdyň göz ýetirýäris. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň içinden hem zähmet terbiýesi eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öwüt-nesihata ýugrulan goşgularynda ýaş nesilleri çagalygyndan işe ugrukdyrmak, şeýlelikde, olary durmuşa taýýarlamak meselesini orta atýar. Şahyr özüniň «Ýigide» diýen goşgusynda:

Gyzykly we mazmunly dynç alyş

Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklary, zehinleri ýüze çykarylýar, okuwçylar dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, peýdaly bilimlere eýe bolup, täze dostlary tapýarlar. Dynç alyş we sagaldyş merkezimizde tejribeli mugallymlaryň 15-si çagalara terbiýe berýärler. Her tapgyrda çagalaryň 300-si dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Merkezimizde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Toparlaryň arasynda özara bäsleşikler yzygiderli geçirilýär, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bagtyýar nesiller bilen Mary welaýat kitaphanasyna, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Bagtyýarlyk» seýilgähine, Wekilbazar etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähine guralýan gezelençler çagalaryň dynç alyş günleriniň gyzykly we guramaçylykly geçmegine şert döredýär.

Asylly ýörelgeler mukaddesdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ynsanyň, ylaýta-da ýaşlaryň ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzda ylym-bilim öwrenip, öz zehin-başarnyklaryny yzygiderli artdyrýan ýaş nesillere ynam bildirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de durnukly, okgunly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylymly-bilimli, zehin-başarnykly, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde ýaşlaryň tutýan orny aýratyndyr. Sanly bilimiň uly ösüşlere eýe bolýan häzirki döwründe ýaşlaryň bilim almagyny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bilime sanly ulgam serişdeleriniň, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi jemgyýetimiziň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym-bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmak, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Tomus paslynyň aýratynlyklary

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň gyzmagy netijesinde, Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Gün urma howpy ýokary bolup, ol islendik ýaşdaky adamlarda, ýagny çagalarda, dowamly keselleri bar bolan garry adamlarda ýüze çykyp bilýär. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap gezilende kellagyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek bulanma, gaýtarma we gan basyşynyň beýgelme alamatlary ýüze çykýar. Eger-de şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Çagalarda Gün urmasy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär, ýagny ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgyny çalt ýokarlanýar, ýürek bulanma, ukusyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar peýda bolýar.

Durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklar

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. ÝUNISEF-niň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda ençeme bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Halk bähbitli işler

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ykdysadyýetde, senagatda, ulag ulgamynda, ylym-bilimde, medeniýetde, umuman, ähli ugurlarda gazanylýan belent üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. Çünki bu beýik işler ösüşleriň berk binýady bolup, halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň özünde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Senagat taýdan uly ähmiýetli bolan bu desgalar hem halkymyzyň eşretli durmuşy üçin gönükdirilendir. Ilkinji nobatda, raýatlarymyza täze iş orunlarynyň, ol ýerde zähmet çekmek üçin dünýä ülňülerine laýyklykda şertleriň döredilmegi türkmen halky üçin uly bagtdyr. Bäherden sement zawodynyň önümi ýurdumyzda gurluşyk sen

Ýaşlar we döwrebap hukuk esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlarymyzyň zähmet çekmegi, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Adam hukuklarynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň hukuklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda berjaý edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet goldawynyň hukuk esaslary «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kadalarynyň esasy bölegini düzýär. Olar, hususan-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegi we alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaşlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmakdan, şeýle hem şahsyýetiň erkin ösüşi, ynsanperwerlik we kanunylyk, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, raýatlylygy, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty, jogapkärçiligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemekden ybaratdyr.