Durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

23 Iýul 2024
298

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgerişleriň amala aşyrylmagy netijesinde ösüşleriň belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzy gurşap alan bu ajaýyp tutumlaryň milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylmagy işiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Kabul edilýän kanunlar, kanunçylyk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Olaryň ählisi döwlet ösüşiniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar.

Döwlet býujetimiz ýurdumyzyň geljekki ykdysady we durmuş ösüşiniň depginlerini kesgitleýär. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň saklanylmagyna, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliliginiň üpjün edilmegine umuman, türkmen halkynyň abadançylygynyň, her bir maşgalanyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
Beýleki habarlar