Bäsleşik täsirli geçdi

26 Iýul 2024
420

Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy»,  aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşigiň ilkinji gezek döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi.

Bäsleşige onuň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary, aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňijiler yglan edildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar