Döredijilik duşuşygy geçirildi

25 Iýul 2024
387

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär. Dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasyndaky geçirilýän ýaryşlar, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary netijä eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. 

Döredijilik duşuşygyny Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň belli ýazyjy, şahyrlary we žurnalistleri bilen guralan bu çärä Gökderedäki merkezlerde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çagalar halypalaryň çykyşlaryny, goşgularyny we maslahatlaryny üns bilen diňlediler. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar öz ýazan goşgularyny we halaýan şahyrlaryň goşgularyndan ýatdan okadylar. Çagalar dutar, tüýdük, skripka saz gurallarynda milli heňleri çaldylar. Watan, dost-doganlyk hakyndaky aýdymlar oňa gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar