Ýaşlar we döwrebap hukuk esaslary

21 Iýul 2024
264

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlarymyzyň zähmet çekmegi, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Adam hukuklarynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň hukuklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda berjaý edilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýaş raýatlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwlet goldawynyň hukuk esaslary «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kadalarynyň esasy bölegini düzýär. Olar, hususan-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegi we alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaşlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmakdan, şeýle hem şahsyýetiň erkin ösüşi, ynsanperwerlik we kanunylyk, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, raýatlylygy, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty, jogapkärçiligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemekden ybaratdyr.

Aýjeren BATYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar