Merkezara «Açyk gapylar» güni

30 Iýul 2024
231

Geçen şenbe güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly diýip, adym tutsalar...» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran bu baýramçylyk çäresine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar