Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

16 Iýul 2024
376

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy gymmatly çeşme bolup, döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde, nesil terbiýesinde mynasyp orna eýedir. Şu nukdaýnazardan şahyryň eserleri gymmatyny ýitirmeýär.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe biz türkmen halkynyň ýüreginde däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ýaşaýar. Söz ussadynyň çeper döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki abraýyny arşa galdyrdy. Şahyryň çeper döredijiligi umumadamzat mirasynyň edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Akyldar şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna hem öz täsirini ýetiripdir.

Arzygül BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar