Milli medeniýetimize buýsanç

14 Iýul 2024
416

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzyň ösüşlerine buýsanýar, milli medeniýetimize, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine belent sarpa bilen garaýar. Esasan hem, akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan sarpasy has-da belent derejelere eýe boldy. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze kitabynyň çap edilmegi we elimize gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu täze kitap halkymyzda bada-bat uly gyzyklanma döretdi.

Aýdyň geljegi nazarlap, beýik işler bilen öňe barýan asuda, abadan döwletimiziň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň ykbalyny özgerdýän täze röwşen zamana — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen jemgyýetiniň durmuşyna täzeçe röwüş çaýýar. Şunda milli medeniýetimizi wagyz etmek, asylly ýörelgelerimizi ýaşlara öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, eýelenýän sepgitleriň giň gerimlidigini bellemek uly buýsançdyr. Ynha, şeýle ösüşleri medeni ulgamda hem görmek örän ýakymlydyr. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.

Uzukjemal SAPAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky şahamçasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar