Sapagy guramakda işjeň usullardan peýdalanmak

14 Iýul 2024
734

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gabat gelýän gadymy türkmen sözleri boýunça sowallary bermek arkaly sapagy gyzyklandyrmak bolar. Şunda nusgawy edebiýatda duş gelýän sözlere düşünmek üçin sözlüklerden peýdalanýarlar. Bu bolsa olaryň sözlükleri öwrenmeklerine we söz baýlyklarynyň artmagyna oňat ýardam edýär. Bu babatda okuwçylary toparlara bölüp, şol sözleriň manysy, sinonimleri we antonimleri boýunça düzülen sowallaryň esasynda bäsleşik guramak has-da peýdalydyr.

Okuwçylara Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýat tutmagy hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin gürrüň bermegi hem tabşyrýaryn. Şeýlelikde, olar akyldar şahyryň goşgularyndaky pikirlere has oňat düşünýärler we olary asylly ýörelge edinýärler. Bu bolsa olaryň şahsy terbiýeleri babatda örän wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde okuwçylaryň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän çäreler, şahyryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmek hem-de ony giň köpçülige ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hem yzygiderli maglumat berýäris. Bu olaryň döwrümiz we döwlet syýasatymyz bilen aýakdaş gitmeklerine ýardam edýär.

Laçyn MAŞADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar