Bagtyýar çagalaryň şadyýanlygy

16 Iýul 2024
391

Çagalar geljegimizi ýagtyldýar, nurlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Awazada, Gökderede we welaýat merkezlerinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly we manyly geçirýär.

Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan giň göwrümli çäreler ruhy taýdan baý, berk bedenli nesli kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki ýaş nesliň öňünde geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak wezipesi durýar.

Maral ŞIROWA,
Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar