Körpelere goşgulary öwretmek

14 Iýul 2024
487

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäde giňden öwrenilýär, wagyz edilýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde uludan bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda körpelere akyldar şahyryň döredijiligini öwretmek, giňden wagyz etmek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Çagalar bakja-baglary terbiýe we bilim bermegiň möhüm basgançagynyň biridir. Magtymguly Pyragynyň ýiti zehininden dörän goşgularyny sapakda, sapakdan daşary çärelerde okap bermek, öwretmek bilen körpelerde edebi mirasymyza bolan söýgini terbiýeläp bolar.

Çagalar baglarynda taryhy medeniýetimizi körpelere öwretmekde terbiýeçileriň öňünde uly wezipe durýar. Körpeleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly bolmak, tebigata söýgi duýgularyny ösdürmekde şahyryň goşgulary uly gollanma bolup durýar.

Jeren WELNAZAROWA,
Kerki etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar