"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nusgawy edebiýatyň altyn hazynasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge, halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ady äleme dolan türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy dünýäniň söz medeniýetinde öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň döredijiligi halkymyzyň müňýyllyklardan miras galan genji-hazynasydyr. Nijeme asyrlar geçse-de, dana akyldaryň Watanyňy, il-ýurduňy söýmäge, jebislige, agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýan şahyrana setirleri ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy. Beýik söz ussadynyň döredijiliginde adamzat durmuşyna degişli meseleler beýan edilýär. Gozgalýan meseleleriň çözgüdi bolsa, halkymyzyň milli ýörelgelerine we umumadamzat bähbitli pikirlere esaslanýar. Magtymgulynyň nesillere nesihat goýan edebi mirasy halkymyzyň aňyna, durmuşyna we hakydasyna ornaşyp, Garaşsyz döwletimiziň we häzirki zaman türkmen jemgyýetimiziň ruhy sazlaşygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Beýik söz ussadynyň döredijiligi türkmen halky üçin paýhas ummany, ylham çesmesi bolup ýaşaýar. Akyldar dananyň goşgularynyň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy bar.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Adamzat kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gymmatly miras, ruhy hazynadyr. Adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan akyldaryň şygyrlary tutuş umumadamzat üçin ruhy gymmatlykdyr. Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy şamçyragy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz tutuş dünýä derejesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki dag gerişleriniň belentliginde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Magtymguly Pyragynyň bu ýadygärligine halkymyz çäksiz hormat-sylag bilen gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman

Milli medeniýetimize buýsanç

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli medeniýeti dünýä ýaýylýar. Milli medeniýetimiz ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlygy bolan dil we edebiýat medeniýetiň nusgasydyr, gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem milli medeniýetimiziň ösdürilýändigini, dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Medeniýet milli ruhuň aýnasy hökmünde alymlaryň hem ünsüni çekip gelipdir. Ruhy gymmatlyklar bolsa dil we edebiýat bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiziň ösüşine uly ähmiýet berilýär.

Halk bähbitli beýik işler

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi

Watanymyzyň asudalygy üpjün edilýär

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ylym — röwşen geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde innowasion ykdysadyýete möhüm orun berilýär. Şonuň üçin hem ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda uly işler durmuşa geçirilip, ylmy işgärlere giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ýokary depginler bilen ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy kämilleşdirmek, ösdürmek we goldamak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym – röwşen geljegiň çyragy, ösüşleriň binýadydyr. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň ýeterlik derejede, düýpli ylmy esasynyň bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýady döredildi. Ylmy we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça hem zerur işler ýola goýuldy. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolan iri taslamalary ylmy taýdan esaslandyrmak bilen bagly meseleleri çözmek häzirki günüň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Gurluşyk-binagärlik pudagynyň ylmy binýady berkidilýär

Häzirki döwürde ylym her bir ýurduň dünýädäki ornuny pugtalandyrmagynyň, ähli babatda ösmeginiň möhüm şertidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlara, ylmy çemeleşmelere esaslanýan öňdengörüjilikli syýasaty, wajyp ykdysady meselelere hem-de olaryň çözgüdine giňişleýin garaýyşlary Türkmenistanyň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň ähli babatda dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Eziz Diýarymyzda ylma we tehnologiýalara şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Täze desgalar — ösüşiň möhüm ugry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni täzeliklere, hoş habarlara beslenýär. Şeýle hoş habarlaryň biri hem ýakynda ýaýbaňlandyrylan Daşoguz welaýatyndaky dabaralardyr. Has takygy, Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen täze desga ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň beýan etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli beýik işleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem bu ägirt uly desga ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny, ösüşlere beslenýändigini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýady düýpgöter döwrebaplaşýar, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi pudagyň işiniň has-da rowaçlanýandygynyň, üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu energetika pudagyny ösdürmekde we bir halka düzmekde möhüm ädimdir. Şeýle hem munuň özi diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga, ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýän ygtybarly energetika ulga

Energetika ulgamyndaky belent üstünlik

Ýurdumyzyň energetika pudagy uly üstünliklere beslenýär. Energetika türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan çeşmeleriniň biridir. Baý tebigy gory we öndürijilik mümkinçiligi uly bolan döwletimizde bu ugra berilýän üns örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisi we beketleri dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkalaýyn energoulgamy taslamasy ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmegi öz içine alýar.Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda işler giň gerimde dowam edýär. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry — Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda, ikinji tapgyry, Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyry bolsa Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berildi.

Nusgawy edebiýatymyza buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri okyjylara ýetirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde görülýän nusgawy edebiýatymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem şöhratlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi bu günki gün diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar. Şu günler täze çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki, guramalarda, edaralarda, medeni ojaklarda geçirilýär. Bu ajaýyp kitapda akyldar şahyryň baý many-mazmunly goşgulary okyjyny has-da gyzyklandyrýar, köňüllere ylham berýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi her bir ynsan üçin gymmatlydyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyr goşgularynyň üsti bilen ähli ynsany ýagşylyga, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çagyrýar. Çeper sözüň üsti bilen beýan edilýän her paýhas pelsepe derejesine eýe bolýar. Söz adamyň kalbyna barýan, ynsany dogry ýola ugrukdyrýan gymmatlyk hasaplanýar. Şonuň üçin hem söz ussadynyň goşgy setirleri adam üçin ruhy gymmatlyk bolup hyzmat edýär.

Dost-doganlyk köprüsi

Pähimdar ata-babalarymyzdan bize miras galan «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly atalar sözleridir nakyllary dünýä dillerini öwrenmegi özüne maksat edinen ýaşlar üçin nesihatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýaşlar dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alýarlar. Häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi türkmen dilinden başga rus we iňlis dillerinde suwara gürlemek bilen çäklenmän, koreý, hytaý, fransuz, ýapon, ispan we beýleki dillerde hem erkin gürlemegi başarýarlar. Elbetde, bu ýagdaý guwandyryjydyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda indi birnäçe ýyllardan bäri beýleki diller bilen bir hatarda koreý dili hem okadylyp gelinýär. Bu ugur boýunça öz işine ussat hem-de kämil hünärmenler taýýarlanýar. Koreý dili hünäriniň talyplary üçin gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň binýadynda ýörite lingafon okuw otaglary bar. Ýurdumyzda her ýyl bu hünärde bilim alýan talyp ýaşlar üçin «Koreý diliniň suhangöýlik sungaty» atly bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşik iki derejeli tapgyrda alnyp barylýar. Ýagny, birinji derejä diňe birinji ýyl talyp ýaşlar, orta derejä bolsa ýokarky ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilýär. Olar berlen temadan düzme ýazyp, ony çeper dilde aýtmak boýunça bäsleşýärler. Her ýylda geçi

Çagalar sapaly dynç alýarlar

Ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, göwnejaý dynç almaklary, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilen. Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şu günler körpe nesillerimiz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar we saglyklaryny berkidýärler. Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar eziz Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerine gezelenç edýärler, dürli ýaryşlara, döredijilik we zehin bäsleşiklerine höwesli gatnaşýarlar hem-de olar wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Şeýle hem Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen hepdeligiň çäklerinde bu ýerde dabaralar yzygiderli geçirilýär.

Bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär

Umumybilim berýän orta mekdeplerde 2023 – 2024-nji okuw ýyly üstünlikli jemlendi. Öňümizdäki okuw ýylyna täze ruh, täze başlangyçlar bilen barmak üçin ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem talabalaýyk guraldy. Ýerlerde hereket edýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mekdep mugallymlary hem çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin terbiýeçi mugallym hökmünde tagalla edýärler. Mugallymlar dynç alyş günleri hem çagalaryň ukyp- başarnyklarynyň döredijilik dünýäsi bilen utgaşdyrylmagyny unutmaýarlar. Olar çagalaryň sport maşklaryna we ýaryşlaryna bolan höweslerini artdyrmak ugrunda hem döredijilikli zähmet çekýärler. Bularyň ählisi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatdagalyjy pursatlara beslemek bilen bagly işleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ähli mugallymlary buýsandyrýar. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimi

Dil bilen dünýäni gezer

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Duş gelen dileg

(Hekaýa) (Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi ru­hy baý­ly­gy­myz­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mä­ge we ýaş ne­sil­le­re wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rün­de bi­lim iş­gär­le­ri hem mil­li­li­ge esas­lan­ýan çe­per gym­mat­lyk­la­ry yl­my esas­da öw­re­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat ed­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze çap­dan çy­kan «Mag­tym­gu­ly» at­ly ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, bu ne­şi­riň gym­mat­ly­gy­ny dü­şün­dir­ýär­ler. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň we däp-des­sur­la­ry­nyň gym­mat­ly­gy­ny pel­se­pe­wi pi­kir­ler­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň eser­le­ri­ni mil­li me­de­ni­ýet­imi­ziň öze­ni ha­sap­la­ýa­rys, bu pi­kir­le­ri, pa­ra­sat­ly söz­le­ri ýaş ne­sil­le­re wa­gyz ed­ýä­ris. Bag­ty­ýar ne­sil­le­riň akyl­dar şa­hy­ra bo­lan ägirt uly söý­gü­si­ni, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sars­maz türk­men bi­na­sy­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny gör­mek bagt­dyr, bag­ty­ýar­lyk­dyr

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

3-nji iýunda asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň milli we ählumumy derejede sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmäge, jemgyýetde ekologik medeniýetiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine goşýan goşandynyň uly ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Bular ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olarda çagalaryň irki ýaşdan zehinlerini ýüze çykarmak, daşary ýurt dillerini özleşdirip, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer maksatlary we ýol-ýörelgeleri özüne nusga edinen ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy alnyp barylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan netijeler, ösüşdir özgerişler, belent üstünlikler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze taslamalaryň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp gitmegiň, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.