Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

4 Iýun 2024
436

3-nji iýunda asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň milli we ählumumy derejede sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmäge, jemgyýetde ekologik medeniýetiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegine goşýan goşandynyň uly ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar