Nusgawy edebiýatyň altyn hazynasy

11 Iýun 2024
466

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge, halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ady äleme dolan türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy dünýäniň söz medeniýetinde öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň döredijiligi halkymyzyň müňýyllyklardan miras galan genji-hazynasydyr. Nijeme asyrlar geçse-de, dana akyldaryň Watanyňy, il-ýurduňy söýmäge, jebislige, agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýan şahyrana setirleri ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.

Beýik söz ussadynyň döredijiliginde adamzat durmuşyna degişli meseleler beýan edilýär. Gozgalýan meseleleriň çözgüdi bolsa, halkymyzyň milli ýörelgelerine we umumadamzat bähbitli pikirlere esaslanýar. Magtymgulynyň nesillere nesihat goýan edebi mirasy halkymyzyň aňyna, durmuşyna we hakydasyna ornaşyp, Garaşsyz döwletimiziň we häzirki zaman türkmen jemgyýetimiziň ruhy sazlaşygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Beýik söz ussadynyň döredijiligi türkmen halky üçin paýhas ummany, ylham çesmesi bolup ýaşaýar. Akyldar dananyň goşgularynyň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy bar.

Gülşirin OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar