"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik işler durmuşa geçirilýär

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň aýdyň ýoly

Indi her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu senäniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny bellemelidiris. Bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde parahatçylyk dörediji kuwwatyny dünýä äşgär edendigini bellemek ýakymlydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Ynha, 31-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegindäki weloýörişi hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp uly dabaralaryň geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2023 — 2024-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Şu möwsüm mynasybetli düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgüniň ýanynda aýdym-sazly dabaraly çäräniň şowhuny çagalaryň şadyýan sesleri bilen utgaşdy. Bu ýerden badalga alan awtobuslaryň kerweni Gökderedäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap rowana boldy. Welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almak üçin jemlenen çagalar bolsa welaýat merkezlerinden aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderede ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň on dördüsinde dynç alarlar. Welaýatlarda bolsa dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň bäşisi çagalaryň hyzmatynda bolar. Awazanyň arzyly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sekizisinde bolsa, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmegi we çagalaryň hukuklaryny goramakda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine öwürdi. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, döwletimiziň her bir ýaşaýjysynyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada döwlet syýas

Ýaş nesil — köňülleriň buýsanjy

Türkmen halkynda çaga eziz görülýär hem-de oňa edep bermek asylly ýörelge hasaplanýar. Şonuň üçin hem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen nakyl halkyň arasynda ýörgünlidir. Çagalary ezizlemek we terbiýe bermek çagalar bagyndan, öýde ene-atanyň göreldesinden gözbaş alýar. Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýuny dabaralara beslenýär. Şu ajaýyp günde dürli dabaralar geçirilýär, şadyýan çagalaryň aýdýan aýdymlary belent heň bolup ýaňlanýar. Aslynda, Çagalary goramagyň halkara güni asylly ýörelgeleriň kemala gelýän baýramydyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi, çagalaryň bagtyýarlygy ugrundaky döreden ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap ösdürilýär we ýaýbaňlandyrylýar.

Sportda belent üstünlikler

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralara beslendi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça sebit merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Dabaralar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şypaly howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, zamanabap sport we saglyk toplumlaryny, futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly sportuň meşhur ugurlary boýunça ýaryşlaryň geçirilip durulmagyny, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegini we olaryň guwandyryjy netijeler gazanyp, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadyp, ýeňşe hem belent at-abraýa eýe bolmaklaryny mysal görkezmek bolar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistany sportuň ösen ýurduna öwürmek babatdaky belent maksatlar rowaçlanýar. Işjeň hereketde bolmagyň ýene-de möhüm ugurlarynyň biri hem welosiped sürmekdir. Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna örän uly üns berilýär. Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosiped sporty

Talyplarymyzyň halkara ýaryşyndaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, sport ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Türkmen sportunyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginde hem-de türgenlerimiziň döwlet we halkara ýaryşlarynda üstünlikleri gazanmaklarynda ýurdumyzda guralýan sport ýaryşlarynyň ähmiýeti uludyr. Ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň hyzmatyndadyr.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çykyşlarda çagalar sporty, lukmançylyk, pedagogika, dil öwretmegiň häzirki zaman usullary boýunça ylmy temalara aýratyn orun berildi. «Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalaryň mekanydyr» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi.

Döredijilik bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyplar bäsleşikde üç şerti ýerine ýetirdiler. Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýä ýaýylýar, adamzadyň kalbyna ylham eçilýär. Şol nukdaýnazardan, bäsleşigiň ilkinji şertinde talyplar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Ikinji şertinde bolsa olar akyldar şahyrymyza we ajaýyp döwrümize bagyşlap düzen şygyrlaryny çeper dilde beýan etdiler.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli baýlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy bu günki gün dünýä ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bedew ata uly sarpa goýýan merdana halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen ýigidiniň gaýraty, batyrlygy, duýgurlygy, wepalylygy gamyşgulak bedewlerimize hem mahsusdyr. Gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şol jebislik, mähribanlyk, ysnyşyk biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Halkymyz bedew atlaryny «Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip mertebeläpdir, özüniň buýsanjy, söýgüsi, baýlygy hasaplapdyr. Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem bedewiň waspy belentden ýetirilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz, şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňişleýin öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da, şahyryň döredijiliginde behişdi bedewlerimiziň waspyna uly orun degişlidir.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli medeniýeti bu günki günde ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle asylly ýörelgelerimiziň biri hem nesil terbiýesidir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns berip gelipdir we bu barada parasatly sözleri döredipdir. Özi hem nesil terbiýesiniň nusgasyny kemala getiripdir, şeýle nusgalyk ýörelgäni arkama-arka kämilleşdiripdir. Şunda ýaş nesliň watansöýüji, il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin alada edipdirler. Nesil terbiýesi bilen bagly öwüt-ündewleri halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlaryň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Nusgawy eserleriň her birinde milliligimiz, milli medeniýetimiz öz beýanyny tapýar. Munuň özi nesil terbiýesinde hem nusgalyk ýoluň kemala gelendigini alamatlandyrýar. Şeýle asylly ýoly wagyz etmek we ýaşlara öwretmek, olaryň ilhalar ynsanlar bolup kemala gelmeklerini üpjün etmek bilim işgärleriniň mukaddes borjuna öwrüldi. Şonuň üçin hem geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde nesil terbiýesi hakynda çykyşlar diňlenilýär.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini, ajaýyplygyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek. Çünki ajaýyp sähralar, dag-düzler, dereler we beýleki ýerler gözelligiň nusgasy bolup, köňüllere ylham paýlaýar. Bu gözellikleri gorap saklamak we aýawly peýdalanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzda hem dabaralar geçirilýär, wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Bu günki günde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, tebigatyň gözelliklerini goramakda we baýlaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryndaky howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça çäreleri kabul etmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak, ekoulgamyň gury ýerlerini dikeltmek, tokaýlardan oýlanyşykly peýdalanmak, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek hem-de bioköpdürlüligi saklamak ýaly maksatlar gönüden-göni tebigaty goramak işleri bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi umumadamzat bähbitli işler bolmak bilen bir hatarda, ösüşiň geljegini kesgitleýän ugurlardyr. Şonuň üçin hem geljegiň innowasiýalary, tehnologiýalary ekoulgamdan gözbaş alýar, has takygy, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly ugurlar aýratyn many-mazmuna eýedir.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli peýdalanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze bilim ojaklarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmeklerinde, ýaş nesliň bilimleri tutanýerli ele almagynda netijeli ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyna berýän aýratyn ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijelerini berýär. Bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň, ähli ylym-bilim edaral

Ýurdumyzyň ösüşi üpjün edilýär

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Halk bähbitli beýik işler

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Eziz Diýar — bagtyýarlygyň mekany

Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler halkymyzyň agzybirliginiň, parahat durmuşynyň aýdyň netijeleridir. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän desgalar, belent-belent binalar bu ösüşleriň anyk mysallarydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary, sanly ulgamyň iň ýokary derejesi, «akylly» öýler döwrebaplygyň we beýik işleriň netijeleridir. Türkmen halky bu gün dünýä ýüzüne ýaň salýan ajaýyp özgerişleriň mekanynda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu özgertmeler diňe bir ýurdumyzyň ösüşine däl-de, eýsem, dünýäniň ösüşine hem, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryna hem oňat täsir edýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzda bolup geçen şanly wakalary aýratyn bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini birikdirmän, ulag-üstaşyr geçelgeleri üçin hem ähmiýetlidir. Çünki ýollar gatnaşyklaryň, söwdanyň möhüm ugry hökmünde kabul edilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, özgertmeler

Kalba ylham berýän eser

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz we nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň eserleri ylmy esasda öwrenilýär, dünýäde giňden wagyz edilýär. Ýakynda akyldar şahyryň goşgularyny özünde jemleýän «Magtymguly» atly täze neşir çap edildi. Ajaýyp goşgular bilen okyjyny gyzyklandyrýan, many-mazmuna baý bu kitap halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Adam haýsydyr bir kitaby ele almak bilen, ilkibaşda şol kitabyň gymmaty hakynda oýlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okanyňda-da hut şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Akyldar şahyryň goşgulary ruhy gymmatlygymyzdyr, şöhratly taryhymyzdan gelýän edebi mirasymyzdyr. Medeni miras, maddy we ruhy gymmatlyklar ynsanda şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem durmuşda şamçyrag bolup, ýüreklerde buýsanç döredýär. Şonuň üçin hem dana şahyryň eserleri kalplary paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdür. Hormatly Prezidentimiz: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belleýär. Nusgawy edebiýat halkymyzyň asyrlaryň dowamynda okap gelen we b

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda asylly işler durmuşa geçirilýär. . Ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna gönükdirilen beýik işler alnyp barylýar. Türkmenistanda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde, maýa goýum serişdeleriniň esasy bölegi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalary hem-de desgalary gurmaga, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge, hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilýär. Ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, medeni we sport desgalary yzygiderli gurulýar.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşli zamanamyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki beýik ösüşlerimiz, röwşen geljegimiz ýaşlar bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri mähriban halkymyza we Garaşsyz döwletimize bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr. Bu taglymat aýratyn hem ýaşlary iň asylly häsiýetli — arassa ahlakly, ruhubelent, ylym-bilim öwrenmäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar. Ylym-bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgertmeleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär.