Ýaş nesil — köňülleriň buýsanjy

2 Iýun 2024
377

Türkmen halkynda çaga eziz görülýär hem-de oňa edep bermek asylly ýörelge hasaplanýar. Şonuň üçin hem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen nakyl halkyň arasynda ýörgünlidir. Çagalary ezizlemek we terbiýe bermek çagalar bagyndan, öýde ene-atanyň göreldesinden gözbaş alýar.

Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýuny dabaralara beslenýär. Şu ajaýyp günde dürli dabaralar geçirilýär, şadyýan çagalaryň aýdýan aýdymlary belent heň bolup ýaňlanýar. Aslynda, Çagalary goramagyň halkara güni asylly ýörelgeleriň kemala gelýän baýramydyr. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesi, çagalaryň bagtyýarlygy ugrundaky döreden ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap ösdürilýär we ýaýbaňlandyrylýar.

Maýa IBRAGIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 65-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar