"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ene dilim — eziz dilim

Häzirki zaman türkmen dili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik pikirlenişiniň ähli ugurlarynda öz ýokary ukyplylygyny görkezmek bilen kämil hyzmat edýän aragatnaşyk serişdesidir. Dil adamzadyň jemgyýetçilik durmuşyny, ýaşaýşyny guraýan serişdedir. Bu türkmen dili babatda-da şeýledir. Dil serişdeleriniň ulanylmagy arkaly adamlar arasyndaky gepleşik aragatnaşygy guralýar, ýazuw hem aýdylyşyň üsti bilen maglumat ýaýradylýar we nesilden-nesle geçirilýär.

Bilimli ýaşlar — Watan guwanjy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň zerur talaplarynyň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa, ynsanperwer ýaşlary taýýarlamagy we terbiýeläp ýetişdirmegi, ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasaplaýar. Olaryň döredijilik hyjuwlaryny ýüze çykarmak maksady bilen ähli şertler döredilýär.

Beýik ösüşli Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» arkaly amala aşyrylýar.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ykdysadyýetde hem belent üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň himiýa, gurluşyk materiallary, dokma önümçiliklerini we beýleki möhüm pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» dürli ugurlar boýunça ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini aýratyn bellemek bolar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda senagat önümleriniň möçberi barha artýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşini, senagat kärhanalarynyň kuwwatlylygyny üpjün edýär.

Kämilligiň aýdyň ýolunda

Eziz ýurdumyzda mähriban ýaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen baglylykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, ýaşlary köpçülikleýin sporta, bedenterbiýä çekmekde we olary berk bedenli, sagdyn ruhly, Watana wepaly, lebze ygrarly edip ýetişdirmekde ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa harby gullukçylarymyzdan ylymly-bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny artdyrmak boýunça degişli işler ýokary derejede geçirilýär. Harby gullukçylaryň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň Merkezi edarasynyň okuw bölüminiň binýadynda döredilen baý kitaphananyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary we ata Watanymyzyň häzirki bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly teswirlemeler, gazet-žurnallar bar. Gullugymyzyň bu kitaphanasy ýurdumyzyň harby ösüşini,

Pähimi durlaýan setirler

Gepin tapyp ýagşy sözlän,Misli dür saçan ýalydyr. Magtymguly PYRAGY.

Kalpda aýdyma öwrülen şygyrlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ady äleme meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Häzirki döwürde halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, wagyz-nesihat etmek arkaly ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan edebi eserleri ýaş nesillere aýdyň ýol görkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýeti we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy adamzat kalbyny oňat arzuw-umytlara besleýän ajaýyp eserleri bilen ýüreklerde müdimilik orun alan şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren akyldar şahyryň baý edebi mirasy bu gün kalplarda aýdym bolup belentden ýaňlanýar.

Syýahatçylygyň şöhratly menzilleri

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň belent maksatlara batly ösüşler bilen gadam basmagy ýaş neslimiziň bagtyýar geljege ynamyny berkidýär. Türkmenistan ýurdumyz geografiýa taýdan amatly, Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, dünýä jahankeşdeleriniň iň arzyly ýurdy hasaplanýar. Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşiniň häzirki tapgyry taryhy, geosyýasy, medeni, ykdysady, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýagdaýlaryna baglylykda dünýä syýahatçylygynyň çägini giňeltmekde hem wajyp orun eýeleýär.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen okuwçylar tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlanýarlar. Bu möwsüm çagalar üçin has jogapkärçilikli döwürleriň biridir. Bu döwürde ata-eneleriň çagalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy zerur şertleriň biridir. Şeýle döwürde çagalaryň boş wagtlary köp bolup biler. Şonuň üçin hem köçe-ýol gatnawynda olaryň ýanynda hossarlarynyň bolmagy möhümdir, sebäbi köpçülikde köçe-ýol hereketiniň kada-kanunlarynyň doly we dogry berjaý edilmegi hemmämiz üçin zerurdyr. Ata-eneleri çaganyň köçeden nähili geçmelidigini, awtoulaglaryň haýsy gapysyndan düşmelidigini, ýanýodalardan ýöremelidigini olaryň aňyna ýetirip durmaly. Ýol hereketiniň wakalary bilen baglanyşykly howpsuz düzgünler barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi ýerlerde wagyz-nesihat çärelerini guraýar. Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 7-8-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda bäsleşik geçirildi. Her bir guralýan bäsleşikleriň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýetli, maksatly taraplary bar. Has takygy, çagalara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamak, çagalar bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz, medeniýetli

Sagdyn nesil — ýurdumyzyň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Çagalar mähriban Watanymyzyň buýsanjy we guwanjydyr. Güneşli Diýarymyzda tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. 1-nji iýun çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem, olaryň hemişe goraglylygyny, mähir bilen gurşalmagyny we ulularyň olar barada jogapkärçilik duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir. Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda, şäherdir obalarda gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýän çagalar baglary, orta bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepler, sport desgalary ýaş neslimiziň hyzmatynda.

Talyplar bäsleşdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky täze umytlary we belent buýsançlary bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülletmek üçin bedew bady bilen öňe barýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, edebi mirasymyzy öwrenmäge, beden hem ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýeňijiler sylaglanyldy

Şu gün — 23-nji maýda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, şeýle-de «Güneş» žurnalynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4—11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen döredijilik bäsleşiginde okuwçylar ukypdyr başarnygyny görkezip, ýazan makalalary, çeken suratlary boýunça gatnaşdylar. Ýaş zehinleriň  işinde akyldar şahyryň türkmen tebigatyny wasp edişi, eserleriniň umumadamzat ähmiýeti, tebigaty goramak, aýawly saklamak ýaly many-mazmuna ýugrulan  döredijilik işleri  görkezildi.

Döredijilik sergisi

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýaşlary dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda  zähmete bolan söýgini terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary hünärlere ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda  okaýan okuwçylar üçin guralan «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat, baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Baýramçylyk çäresine gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň sowallaryna jogap berdiler.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Akyldar şahyryň döredijiligine belent sarpa

21-nji maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu täze kitap ähli döredijilik, medeniýet işgärlerinde, ýazyjydyr şahyrlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýär. Dabara bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly edebi çykyşlar bolsa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda geçirilen dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini aýratyn bellediler. «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik şahsyýetle

Özara bähbitli ýörelgeler ösdürilýär

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Il-ýurt ähmiýetli işler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň geljegimizi nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri barha dabaralanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda umumadamzat bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täze taryhynda şeýle beýik işler eziz Diýarymyzy ösdürmekden, halkymyzyň abadançylygyny, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini aýdyň beýan edýän şanly wakalar taryh sahypalaryna ýazylýar. Şolaryň hatarynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle-de Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralarynyň bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir. Bularyň her biri ýurdumyzyň beýik ösüşine, pudaklaryň döwrebap mümkinçilige eýe bolmagyna gönükdirilen uly goşantdyr. Bu ägirt uly desgalar iň täze enjamlar bilen üpjün edilip, ykdysady ösüşimiziň kuwwatynyň uly mümkinçiliklere eýedigini alamatlandyrýar.

Milli medeniýetimiz köňülleriň buýsanjydyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär. Şol gymmatlyklar bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyny, medeniýetiniň ösüşini kesgitleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň kämilleşdirilmegine döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza giňden ornaşdy, ähli pudaklarda bu ugurdan uly işler alnyp barylýar. Ösen döwrümizde ýaşaýyş jaýlarynyň hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň özi sanly ulgamyň özgertmelerde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Ýurdumyzda ähli pudaklar sanly ulgamyň mümkinçiliginden giňden peýdalanýarlar, ösüşlere beslenýän döwrümizde täze, innowasion tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda dürli pudaklarda halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda işler barha rowaçlanýar. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, ylmy maglumatlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ylym-bilim işgärleri-de dünýäniň iň täze gazananlaryny, ylmy açyşlaryny yzygiderli öwrenýärler we ösdürýärler. Alymlar tarapyndan nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnol

Belent maksatlar rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň çäklerinde ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim bermegiň iň kämil usullaryndan giňden peýdalanylýar, döwrebap usullar üstünlikli alnyp barylýar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermekde bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti has-da uludyr. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan aýratyn goldaw berilýär hem-de ol Baş Kanunymyzyň ýörite maddalary bilen kepillendirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimizde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine giňden ýardam berilýändigi bellenilýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli hem-de ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda oturdylan döwrebap enjamlar, düýbi tutulýan täze binalardyr desgalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.