Ýeňijiler sylaglanyldy

23 Maý 2024
515

Şu gün — 23-nji maýda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, şeýle-de «Güneş» žurnalynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4—11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen döredijilik bäsleşiginde okuwçylar ukypdyr başarnygyny görkezip, ýazan makalalary, çeken suratlary boýunça gatnaşdylar. Ýaş zehinleriň  işinde akyldar şahyryň türkmen tebigatyny wasp edişi, eserleriniň umumadamzat ähmiýeti, tebigaty goramak, aýawly saklamak ýaly many-mazmuna ýugrulan  döredijilik işleri  görkezildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar