Döredijilik sergisi

23 Maý 2024
548

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýaşlary dürli hünärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda  zähmete bolan söýgini terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, olary hünärlere ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda  okaýan okuwçylar üçin guralan «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat, baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi.

Baýramçylyk çäresine gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň sowallaryna jogap berdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar