Kalpda aýdyma öwrülen şygyrlar

26 Maý 2024
459

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ady äleme meşhur bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyrylýar. Häzirki döwürde halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, wagyz-nesihat etmek arkaly ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň paýhasa ýugrulan edebi eserleri ýaş nesillere aýdyň ýol görkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň eserleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli şahsyýeti we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy adamzat kalbyny oňat arzuw-umytlara besleýän ajaýyp eserleri bilen ýüreklerde müdimilik orun alan şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren akyldar şahyryň baý edebi mirasy bu gün kalplarda aýdym bolup belentden ýaňlanýar.

Guwanç ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar