"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bäsleşik gyzykly geçdi

       Aşgabat şäherinde ýerleşýän Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Goý, parlasyn bagtyýarlyk baýdagy!» atly bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik müdirligi, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Çagalar awtoşäherçesi bilelikde guradylar.        Bäsleşige Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylaryndan ybarat bolan toparlaryň altysy gatnaşdy.

Halkara sergide azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary işjeň ösdürilýär, bu ugur boýunça iň kämil, täze, döwrebap serişdeler giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň azyk önümçiligine degişli pudagyň ornunyň berkidilmegi amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ynha, şu gün – 15-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi öz işine başlady. Bu halkara sergisi azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginde hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýakyndan ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem­de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine ş

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler geçirilýär.

Arkadagly ýaş nesil — Watanymyzyň buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň ýapyk manežine geldi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ýaş nesilleriň bedew atlara bolan söýgüsiniň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowamata atarylýandygynyň mysalydygyny belledi.

Döwletliligiň mukaddes nyşanlary

Kanunlar döwletiň we jemgyýetiň abadançylygynyň binýadynda durýan iň uly gymmatlyklardyr. Hut şoňa görä-de, adamzat taryhynda ilkinji döwletleriň dörän döwründen häzirki döwre çenli kanunlar yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Döwletde iň ýokary hukuk güýje eýe bolýan kanunlar Konstitusiýada jemlenýär. Ol döwletliligiň esasy nyşany, döwletiň taryhy taýdan döremeginiň, hukuk esasynda guralmagynyň we bir bitewi ulgam hökmünde hereket etmeginiň, jemgyýetiň ähli gatlaklaryny jebisleşdirmegiň beýanydyr. Türkmenistanyň Konstitusion gurluşynyň esaslaryna laýyklykda, ýurdumyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Esasy Kanunymyz 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Dünýä tejribesine we döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda, dürli ýyllarda Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň girizilmegi milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Konstitusiýamyzda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan ýörelgeler raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna giň şertleri döredýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň hem-de jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde adamyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk gelýän ajaýyp hakykatdyr.

Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösýär, özgerýär, halkymyz eziz Watanyň ösüşlerine buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gazanylýan ösüşler örän buýsandyryjydyr. Çünki bu ösüşler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde wagyz edilýär. Ýurdumyzyň alymlary, döredijilik işgärleri halkara derejesindäki maslahatlara, ylmy duşuşyklara gatnaşýarlar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ähmiýete eýe bolup, medeniýet diplomatiýasynyň ösmegine, dünýä ýaýylmagyna, şeýle hem halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňat ýardam edýär.

Ösüşlere beslenýän eziz Diýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynda berkarar Watanymyzy gülläp ösýän ýurda öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ösdürmek baş maksat bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan beýik işleri netijesinde agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Ýakynda Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkdigini, beýik ösüşleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar we gurluşyk senagatynyň yzygiderli ösdürilýändigini beýan edýär.

Baýdagym

Güneşli Diýarda Aý-ýyldyz dogşunDünýä ýaýyp türkmen halkynyň nagşyn,Arassa asmanda parlaýan ýaşylBaýdagymyz — halkymyzyň buýsanjy! Türkmeniň egsilmez şöhraty-şany,Görki bilen guwandyrýar ynsany,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk nyşany,Baýdagymyz — halkymyzyň buýsanjy!

Watan

Kalbym joşa geldi has höweslenip,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.Ýurt şanymyz dünýä ýaýjak seslenip,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan. Daglary howaly, gülleri — çemen,Onsoň bu topragy söýmejek neneň,Dünýä ykrar türkmen şöhraty bilen,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.

Baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup, erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ähli halkymyzyň göwün

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görelde sapagyny guramak Edebiýat dersinden okadýan synplarymda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça görelde sapaklaryny guradym. Sapakda Magtymguly Pyragy, onuň şygryýet dünýäsi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmek örän ähmiýetlidir. Multimedia tagtasynda şahyryň suratyny, oňa degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şahyryň goşgy bentleriniň aýdyma öwrülenlerini, ol hakdaky rowaýatlary, Magtymguly barada ýazylan eserleri, «Magtymguly» filmini okuwçylara görkezdim. Okuwçylara ýörite barlagnamalary hödürledim. Synpy iki topara bölüp, şahyryň goşgularyndan ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdirdim. Okuwçylara şahyryň goşgularynyň manysy barada sowal berdim. Magtymguly Pyragynyň dürli temalardan döreden goşgularyny okuwçylara gürrüň berdirdim. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylarym bolsa, çeken suratlaryny görkezdiler. Guran görelde sapagyma okuwçylarym örän işjeň gatnaşdy. Sapagyň ahyrynda okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrdym.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde guradylar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak, surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi öz işleri bilen gatnaşdylar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň giň eýwanynda mekdep okuwçylarynyň bu bäsleşige hödürlän, ýagny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine bagyşlap çeken suratlary sergi görnüşinde ýaýbaňlandyryldy. Okuwçylaryň bu döredijilik işlerinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini aýdyň görmek boldy.

Sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny innowasion we tehnologik esasynda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şunda sanly bilimi ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçil

Körpeleriň sözleýşini ösdürmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle terbiýe berlip, olaryň sözleýşi ösdürilýär. Çagalar baglaryndaky körpeler terbiýeçileriň üns-aladasy bilen gurşalýar. Terbiýeçiler körpeleriň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň sözleýşini kämilleşdirmek üçin dürli usullary peýdalanýarlar. Munuň üçin terbiýeçilik ähmiýetli oýunlary peýdalanmak, ertekileri gürrüň bermek ýaly gyzykly usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler dürli ugurlara gyzyklanma bildirýärler, olar oýnamagy, tebigatda gezelenç etmegi, ertekileri diňlemegi halaýarlar. Terbiýeçi her bir çaganyň gyzyklanmasyny öwrenip durmalydyr. Olaryň düşünjelerini ösdürip, körpelere terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanmalydyr. Bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmelidir.

Nusgalyk şygyrlar

Hakyň emri bilen dörän,Pyragynyň şygyrlary.Doga deýin köňle ýaran,Pyragynyň şygyrlary. Kelamlary altyn, dürdür,Mähri Gün deý nur-keremdir,Pähim-paýhas ummanydyr,Pyragynyň şygyrlary.

Akyldar şahyra buýsanç

Şygyrlaryň many-mazmun beýany, Adamzada söz mülküni bagyş etdiň, Beýik şahyr Magtymguly Pyragy,Pähim-paýhasy şygra nagyş etdiň. Diwanyňy öwran-öwran okanlar,Okadykça kämilleşer, beýgeler.Öwrenip kän hikmetleriň çözgüdin,Bu durmuşyň akymyna eýgerer.

Pyragyň arzuwlan zamany geldi

Diýarym pajarlap, gunçalap, gülläp,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.Umytly garaşylan, gör, näçe ýyllap,Pyragyň arzuwlan zamany geldi. Şygryna siňdirip köňül islegi,Ündäpdi agzybir dogan-dostlugy,Lälezara besläp belent-pesligi,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.

Toý — baýramlaryň mekany

Asyrlardan, alyslardan şygyrlaryň nur saçýar,Gadymýetden geçmişdäki türkmen durmuşyn açýar,Arkadagyň paýhasyndan pähimleň bagty guçýar,Päk adyň bilen baglandy ýylymyzyň şygary, Adyň dünýä meşhur edip, toý toýlaýas Pyragy!Dünýä ýaýrap şygyrlaryň halky bagta ýetirýär,Kalba beslän arzuwlaryň iş ýüzünde bitirýär,Arkadagly Serdarymyz adyň arşa göterýär,

Okuwçylarda kitap okamak endigini kämilleşdirmek

Kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Ynsanyň yzygiderli kitap okamagynyň netijesinde söz baýlygy artyp, çalt we sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýar. Kitabyň gatlaryna aralaşmak arkaly okyjy dürli täsinlikler bilen tanyşýar, kitap gahrymanlarynyň şatlanan ýerinde şatlanyp, gynanan ýerinde gynanmak duýgularyny başdan geçirýär, taryha öwrülen wakalar bilen tanşyp, edebi mirasymyzy öwrenýär, durmuş gözýetimini giňeldýär. Elbetde, kitap iň gowy dost. Kitap okamagy ýaşlykdan endik edinmeli. Kitap okamaga bolan endigiň gözbaşy maşgaladan gaýdyp, ata-enäniň özi görelde bolup, çagalarda kitap okamaga islegi terbiýelemeli. Ata-eneler tarapyndan çagalaryna suratlar bilen bezelen, çagalar üçin niýetlenilen kitaplaryň sowgat edilmegi, olar bilen bilelikde sesli okalmagy ýa-da gyzykly ertekileriň aýdylyp berilmegi çagalarda kitaba bolan söýginiň ilkinji basgançaklaryny kemala getirýär.

Milli gymmatlyklara sarpa

Asyrlarboýy kämilleşdirilip, halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden orun alan milli çaga egineşikleriniň halkyň däpdessuryny, durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän aýratynlyklary bardyr. Eziz çagalarymyzyň egineşikleriniň nusgalarynda zenanlarymyzyň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini görmek bolýar. Häzirki wagtda hem ähmiýetini ýitirmeýän çaga egineşikleriniň özboluşly taýýarlanyş usully, nagyş bezegli çeper keşbi kämil başarjaňlygy talap edýär. Çaga egineşikleri türkmen halkynyň medeniýetini we durmuşyny açyp görkezmek bilen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli egineşikleriň diňe bir biçüwi däl, eýsem, görnüşleri hem özboluşlylyga beslenýär. Çagalara niýetlenen ezýaka köýnekleriň, donlaryň, ýeňsizleriň dürli görnüşleri, kürtekçeler, kirlikler, başgaplar ajaýyp bezeglidir. Çaga eşikleriniň hersiniň öz niýetlenen ýeri bardyr. Toýbaýramlarda nagyşlanan ezýaka köýneklerdir donlar geýdirilse, öýdeiçde olara ýörite eşikler niýetlenýär.