Watan

14 Maý 2024
507

Kalbym joşa geldi has höweslenip,
Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.
Ýurt şanymyz dünýä ýaýjak seslenip,
Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.

Daglary howaly, gülleri — çemen,
Onsoň bu topragy söýmejek neneň,
Dünýä ykrar türkmen şöhraty bilen,
Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.

Altyngözel HOJANÝAZOWA,
Baýramaly etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar